Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa mümkinçilikleri we umumy ösüş üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

Turinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyk bilim we zähmet pudaklarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirip, Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” strategiýasynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýanyň ýurtlary durnukly ösüşi, innowasiýany we umumy gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen bilim we başarnyklar babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler. Bu tema 2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Turinde geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin “DARYA – Dialog we Hereket” atly ýokary derejeli duşuşygyň esasy ugrudy.

10 million ýewro möçberindäki ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewropa Okuw Gaznasy (ETF) tarapyndan durmuşa geçirilýän DARYA maksatnamasy ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda başarnyklar boýunça syýasat gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy goldaýar.

Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim hem-de zähmet ministrlikleriniň orunbasarlary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri we jemgyýetçilik hyzmatdaşlary gatnaşyp, gazanylan üstünlikleri seljerdiler we hyzmatdaşlygyň indiki tapgyrynyň ugruny kesgitlediler.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stiprais Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetine aýratyn üns çekdi:

– “Bilim ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Ýewropa Bileleşiginiň borjy şu ýylyň aprel aýynda Samarkantda geçirilen ilkinji ýokary derejeli ÝB–Merkezi Aziýa sammitinde anyk netijeleriň biri hökmünde beýan edildi. Şol borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi esasan Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” atly strategiýasy tarapyndan ugrukdyrylýar. Bu başlangyç arkaly Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ösüşi, sebitara baglanyşygy we adamlara mümkinçilikleri öňe sürýär. Bu başlangyç diňe bir ýollar, energiýa arabaglanyşyklary ýa-da sanly infrastruktura gurmak barada däl – bu adamlaryň, ideýalaryň we mümkinçilikleriň arasynda köprüleri gurmak barada. Ol Ýewropa Bileleşiginiň umumy ösüşine, durnuklylyga we özara peýdaly gatnaşyga esaslanýan hyzmatdaşlyk baradaky garaýşyny beýan edýär.”

Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň Hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Johannes Baur goşmaça belledi:

– “Bu sebit taryhy taýdan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda bir köpri bolup hyzmat edipdir. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa aragatnaşyklarymyzy güýçlendirmek boýunça iş alyp barýarlar. Häzirki döwürde Trans-Hazar ulag geçelgesi ýaly täze ugurlar bu mümkinçilikleri açyp biler, emma bu diňe hünärli işçi güýji bilen goldanylýan halatynda amala aşar.”

Ýewropa Okuw Gaznasynyň (ETF) direktory Pilvi Torsti aýtdy: – “Bu duşuşyk dialogyň we subutnamanyň herekete öwrülende nämeleri gazanyp bolýandygyny görkezýär. Taslamanyň şu orta tapgyrynda bilim bilen zähmet bazarlarynyň arasyndaky arabaglanyşyklary güýçlendi, ynam pugtalandy, anyk netijeler we geljege gönükdirilen syýasat çäreleri üçin möhüm maglumat döredi. Merkezi Aziýada we onuň çäginden daşarda biziň görkezijimiz anyk: bäsdeşlik başarnyksyz mümkin däl.”  Ýurtlar boýunça garaýyşlar: bäsdeşlik üçin başarnyklar.

Milli wekiliýetler demografik we tehnologik üýtgeşmelere jogap hökmünde, DARYA maksatnamasynyň bilim we zähmet ulgamlaryndaky özgertmelere nähili goşant goşýandygyny beýan etdiler.

Gazagystanda üns, adam kapitalyny ösdürmäge we başarnyklary durnukly maýa goýumlary bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilýär — bu ugurlar ýurduň strategik milli ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar.

Gyrgyzystanda milli hünär we başarnyklary tassyklamak ulgamyndaky öňegidişlikler bilim we zähmet bazary syýasatlaryny utgaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine goldaw bermäge ýardam edýär.

Türkmenistanda DARYA, ýaşlaryň inklýuziw ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin möhüm platforma hökmünde hyzmat edip, hünär-ugurly bilim ulgamyndaky özgertmeleri goldaýar hem-de täze Hünärde Üstünlik Merkezlerini döretmek mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar.

Özbegistanda bolsa başarnyklaryň ösdürilmegi, okuw bilen işe ýerleşmegiň arasynda arabaglanyşygy üpjün edýän we ýaşlar üçin deň mümkinçilikleri döredýän milli özgertmeleriň esasy bölegi bolup galýar.

Maýa goýumlary we başarnyklar arasyndaky arabaglanyşyk

Italiýadaky üstünlikli tejribeleriň — hünär-ugurly okuw merkezi bolan Apro Formazione we Ferrero zawodynyň (Alba şäherinde ýerleşýän) — maýa goýumlary bilen başarnyklaryň arasyndaky berk arabaglanyşyga ünsi çekdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway strategiýasy boýunça geçirilen oturumlarda bilim we adam kapitalynyň durnukly maýa goýumlaryny hem-de sebitleýin baglanyşygy üpjün edýän esasy sütünlerdendigi nygtaldy.
Çärelerde ulag we logistika ýaly ugurlarda täze başarnyklara bolan islegiň artýandygy, çalt tehnologik üýtgeşmeleriň işçi güýjüne bolan talaplary üýtgedýändigi we gaýtadan taýýarlanyşyň tizleşýändigi aýratyn bellenildi.

Gatnaşyjylar Global Gateway gün tertibiniň esasy maksadynyň — ýurtlaryň içinde, sebit derejesinde we Ýewropa Bileleşigi bilen arabaglanyşyklary gurmakdygyny — we onuň merkezinde başarnyklaryň hem-de adam kapitalynyň durýandygyny nygtadylar.
Şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ÝB–Merkezi Aziýa sammitinde Merkezi Aziýa üçin 12 milliard ýewro möçberinde maýa goýum paketiniň yglan edilmegi bilen, bu başlangyç baglanyşygy we mümkinçilikleri utgaşdyrýan uzak möhletli hyzmatdaşlyklary güýçlendirmegi maksat edinýär.

Şol kontekstdä DARYA, başarnyklar boýunça subutnama esasly hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly ýurtlara adam kapitalyny täze ykdysady mümkinçilikler bilen utgaşdyrmaga kömek edýär. Şeýlelikde ösüş we maýa goýum sosial ösüş bilen aýakdaş bolýar.

Indiki ädimler

Taslama orta tapgyryna ýetende, Turinde geçirilen duşuşyk DARYA maksatnamasynyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm platforma hökmünde ähmiýetiniň artýandygyny tassyk etdi.
Sebitleýin başarnyk hyzmatdaşlyklary we hyzmatdaşlyk çarçuwalary, DARYA-nyň Global Gateway bilen bagly indiki tapgyrynyň merkezinde bolar. Bilimi, zähmeti we maýa goýumy baglanyşdyrmak arkaly, DARYA täze nesil başarnyk hyzmatdaşlyklaryny emele getirmäge ýardam edýär — bilelikdäki maksatlary ýaşlar we jemgyýet üçin mümkinçiliklere öwürýär.

 

ETF: Daria Santucci – +39 366 9639638 – mediarelations@etf.europa.euwww.etf.europa.eu