«Eko- halypaçylyk» taslamasy Aşgabatdaky mekdep okuwçylarynyň ekologiýa babatdaky habardarlygyny ýokarlandyrýar

Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Tebigaty Goramak Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda #ForOurPlanet 2026 dünýä kampaniýasynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde «Eko-mentorluk» atly synag taslamasyny amala aşyrdy.

29-njy aprelden başlap, 23 meýletinçiden ybarat topar 5-nji, 6-njy we 7-nji synplaryň okuwçylary üçin 25 sany interaktiw sapagy geçirdi. Sapaklaryň dowamynda adam işjeňliginiň tebigata täsiri, ekologiýa taýdan jogapkärli endikler, jogapkärli sarp ediş we galyndylary gaýtadan ulanmak arkaly olaryň möçberini azaltmagyň ähmiýeti ýaly esasy ekologiýa temalary bilen tanyşdylar.

Image
Eco-Mentoring project promotes environmental awareness among school students in Ashgabat

Sapaklar gysgaça leksiýalary we interaktiw toparlaýyn ýumuşlary öz içine aldy. «Bir zada ikinji ömür beriň» atly ýumuşlaryň birinde okuwçylary toparlarda işlemäge hem-de gündelik ulanylýan zatlary gaýtadan peýdalanmagyň dürli usullaryny gözlemäge höweslendirdi. Bu ýumuşyň dowamynda okuwçylar hatda kiçi göwrümli hereketleriň hem galyndylaryň möçberini azaltmaga we zatlaryň ulanylyş möhletini uzaltmaga kömek edip bilýändigini öwrendiler.

 

Image
Eco-Mentoring project promotes environmental awareness among school students in Ashgabat

Her sapagyň ahyrynda meýletinçiler synpa tebigata gündelik durmuşda aýawly çemeleşmegiň möhümdigini ýatladýan nyşan hökmünde otag güllerini sowgat berdiler.

Image
Eco-Mentoring project promotes environmental awareness among school students in Ashgabat

Çäreler 2-nji maýda başlangyç mekdebiň çäginde agaç ekmek çäresi bilen dowam etdi. Çärä okuwçylar, meýletinçiler, wekiliýetiň işgärleri hem-de mekdebiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar agaç ekmek işlerine işjeň gatnaşyp, mekdebiň çägini abadanlaşdyrmaga öz goşantlaryny goşdular.

Mundan başga-da, wekiliýet mekdebiň ýaşyl zolaklaryny durnukly ýagdaýda saklamagy goldamak hem-de suw serişdeleriniň has netijeli ulanylmagyna ýardam bermek maksady bilen damjalaýyn suwarmak üçin enjamlar bilen üpjün etdi.

«Eko-mentorluk» synag taslamasy okuwçylara-da, meýletinçilere-de amaly bilimleri we tejribäni edinmäge mümkinçilik berdi. Taslama tamamlanandan soň, meýletinçilere goşantlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde şahadatnamalar gowşuryldy. Mundan hem möhümi, olar geljekde hem iş ýüzünde ulanyp we başgalar bilen paýlaşyp biljek gymmatly başarnyklary gazandylar.

Taslama ekologiýa bilimi, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy we amaly hereketleriň Türkmenistandaky ýaşlaryň arasynda has jogapkärli endikleriň kemala gelmegine hem-de tebigata aýawly gatnaşygyň ösdürilmegine nähili ýardam edip bilýändigini görkezdi.

Image
Eco-Mentoring project promotes environmental awareness among school students in Ashgabat

Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti ýaşyllaşdyrmak işlerini goldamak we öňdebaryjy ekologiýa tejribelerini ilerletmek maksady bilen 135-nji mekdep bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.