«Flow» dünýäsine syýahat: döredijilik, animasiýa we Ýewropa kinosynyň taryhy

Türkmenistanda geçirilen 4-nji Ýewropa kino festiwalynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary latwiýaly režissýor Gints Zilbalodisiň «Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Flow» filminiň dünýäsi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

17-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýeti, Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hem-de Latwiýa Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan iki sany ýörite çärede tomaşaçylara adaty film tomaşasynyň çäginden çykyp, filmiň döredilişiniň aňyrsyndaky döredijilik prosesi bilen has içgin tanyşmak mümkinçiligi döredildi.

Bu syýahat «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezindäki «Art Nokady» döredijilik giňişliginde «Flow-a nazar» atly ussatlyk sapagy bilen başlandy. Sapagy filmiň döredijilik toparynyň agzalary Konstantins Wişnewskis we Kristina Rezwiha alyp bardylar. Olar bütindünýä ykrar edilen bu animasiýanyň döredilişiniň çeperçilik hem-de tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Gatnaşyjylar «Flow» filminiň sahna arkasyna nazar salyp, onuň dörediliş syrlary bilen tanyşdylar. Olar 3D animasiýa tehnologiýalarynyň ulanylyşy, önümçilik işleriniň aýratynlyklary hem-de kiçi garaşsyz toparyň halkara üstünlige alyp baran döredijilik ýoly barada gymmatly maglumatlary aldylar. Ussatlyk sapagy diňe bir tehniki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan çäresi bolman, eýsem döredijilik, innowasiýa we animasiýanyň üsti bilen hekaýa beýan etmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alyşma hem boldy.

Image
Discovering the World of Flow: A Story of Creativity, Animation and European Cinema in Turkmenistan

Soňra çäre «Arkaç» kinoteatrynda dowam etdi. Bu ýerde tomaşaçylar filmiň ýörite görkezilişine gatnaşdylar. Köp sanly myhman üçin bu diňe bir baýrakly filme tomaşa etmek däl, eýsem onuň aňyrsynda duran döredijilik pikirleri we taýýarlyk işleri bilen filme täzeçe göz bilen garamaga mümkinçilik boldy. Özboluşly çeperçilik dili, emosional çuňlugy we özüne çekiji beýan ediş usuly bilen film tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Bu iki çäre kinonyň diňe bir tomaşa sungaty bolman, eýsem adamlary birleşdirýän, pikir alyşmak üçin giňişlik döredýän hem-de täze garaýyşlary açýan medeni köpri bolup bilýändigini görkezdi. «Flow» filminiň üsti bilen Aşgabatdaky tomaşaçylar diňe bir häzirki zaman Ýewropa animasiýasy bilen tanyşman, eýsem döredijilik hyýalyny durmuşa geçirmek sungaty bilen hem tanyşdylar.