Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerinde metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň meselelerine bagyşlanan okuw seminary.

Aşgabat, Türkmenistan – 2025-nji ýylyň 27-nji oktýabry – Şu gün Aşgabatda Ählumumy metan borçnamasy (GMP) we ony Türkmenistanda ornaşdyrmak boýunça amaly ädimler boýunça esasy okuw seminary gibrid formatda geçirildi.

 

Bu okuw seminary GIZ tarapyndan GMP Sekretariaty – Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (UNEP) başlangyjy bolan Klimat we Arassa Howa Koalisiýasy (CCAC) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän 

“ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howa hereketleri” taslamasynyň çäklerinde guraldy.   

Metan güýçli, ýöne gysga wagtlyk parnik gazy bolup, ählumumy maýylganlygyň takmynan 30% -ine sebäp bolýar. 20 ýylyň dowamynda ol CO2-den 80 esse köp zäherli bolar. Şeýle-de bolsa, ol atmosferada bary-ýogy on ýyl töweregi galýandygy sebäpli, onuň konsentrasiýasyny çalt azaltmak gysga möhletde howa we saglyga peýda getirip biler. 

2021-nji ýylda COP-26 Ählumumy metan borçnamasy (GMP), häzirki wagtda 159 döwleti we Ýewropa komissiýasyny öz içine alýar. Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen COP-28-de goşuldy. GMP agzalary 2030-njy ýyla çenli (2020-nji ýyldaky derejeler bilen deňeşdirilende) global metan zyňyndylaryny azyndan 30% azaltmak üçin bilelikdäki çäreleri görmäge borçlanýarlar. Okuw seminaryna energetika pudagynda we daşky gurşawy goramak ulgamynda zähmet çekýän  Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, esasy gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Bu okuw seminarnaryň maksady, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň wekillerini we tehniki hünärmenlerini Ählumumy metan borçnamasynyň (GMP) amaly ulanylyşy bilen tanyşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni görkezmek, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bar bolan goldawa ünsi çekmek we COP-30 öňüsyrasynda milli derejede durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimler barada dialoga ýardam etmek boldy.

 “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşi üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler” maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Doktor Karolina Milow şeýle belledi: “Metan zyňyndylaryny azaltmak diňe bir ekologiýa zerurlygy däl, eýsem, Türkmenistan ýaly iri energetika pudagy bolan ýurtlar üçin uly ykdysady mümkinçilikdir. Türkmen hyzmatdaşlarymyzyň bu ugurda şeýle ýokary gyzyklanma bildirýändigi bizi diýseň begendirýär. Biziň "ÝB ýaşyl ösüş üçin" atly bilelikdäki taslamamyz howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan bilermen mümkinçiliklerini we maliýe goldawyny bermäge gönükdirilendir.”