ÝB — Türkmenistan: Adam hukuklary boýunça 18-nji dialog
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji ýyllyk dialogy geçirildi. ÝB tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýän şertlerinde Türkmenistanyň bu dialoga açyk we netijeli çemeleşmesini ýokary bahalandyrdy.
Konstruktiw ýagdaýda geçen maslahatlaşmalaryň dowamynda hukuk üstünligi, esasy azatlyklar, daşky gurşawy goramak, durmuş-ykdysady hukuklar, zähmet hukuklar hem-de gender deňligi ýaly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri adam hukuklaryny goraýjylaryň ýagdaýy, şol sanda transmilli yzarlamalar baradaky meselelere ünsi çekip, alada döredýän aýry-aýry ýagdaýlaryň sanawyny türkmen tarapyna gowşurdy.
ÝB Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen mejbury zähmetiň we çaga zähmetiniň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan konstruktiw hyzmatdaşlygyny ýokary bahalandy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän we HZG bilen bilelikde durmuşa geçirilýän täze ikitaraplaýyn taslamanyň işe girizilmegini makulladylar. Mundan başga-da, ÝB Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň işiniň işjeňleşdirilendigini belläp, onuň şu gezekki dialoga işjeň gatnaşmagyny ýokary bahalandy.
Türkmenistan zenanlaryň hukuklary, çagalaryň hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary babatda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalary bilen paýlaşdy. Şeýle hem ýurt ykdysady, durmuş we medeni hukuklar ugrunda gazanylan soňky ösüşler barada maglumat berdi. ÝB Türkmenistany diskriminasiýa garşy netijeli çäreleri kabul etmäge hem-de seksual we gender häsiýetli zorluga garşy göreşi dowam etdirmäge, şol sanda maşgala zorlugy üçin jenaýat jogapkärçiligini girizmäge çagyrdy. Şeýle hem ÝB özara razylyk esasynda bolan bir jynsly şahslaryň arasyndaky gatnaşyklaryň jenaýat hasaplanylmagynyň ýatyrylmagyna çagyrdy.
Mundan başga-da, azatlykdan mahrum edilen adamlaryň saklanyş şertleri, şol sanda gynamalar we rehimsiz çemeleşmeler baradaky maglumatlar bilen baglylykda çynlakaý aladalar beýan edildi. ÝB Türkmenistany mejbury ýitirim bolmalar meseleleri boýunça raýat jemgyýeti bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. ÝB Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdi hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň diskriminasiýasyz esasda konsullyk hyzmatlaryna elýeterliliginiň üpjün edilmegine çagyrdy. ÝB pikir we söz azatlygynyň, hereket etmek azatlygynyň, birleşmek azatlygynyň, maglumata bolan hukugyň hem-de garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin internete çäklendirilmedik elýeterliligi üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, raýat jemgyýeti üçin howpsuz we amatly şertleri döretmek ugrunda goşmaça çäreleriň görülmegine çagyrdy.
ÝB Türkmenistany BMG-niň Zenanlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky komitetiniň maslahatlaryny, şeýle hem Köpugurly döwürleýin synyň çäklerinde berlen teklipleri ýerine ýetirmäge çagyrdy. Şeýle hem ÝB BMG-niň ýörite proseduralarynyň ähli mandatly wekilleriniň heniz garaşylýan saparlaryny amala aşyrmaga ýardam bermek maksady bilen anyk möhletleri öz içine alýan meýilnamanyň işlenip taýýarlanmagynyň möhümdigini bellediler.
ÝB adam hukuklaryna hormat goýmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň esasy ýörelgeleriniň biri bolmagynda galýandygyny belledi. Taraplar şu esasda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk etdi, ÝB-niň wekiliýetine bolsa Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Ditmar Krissler ýolbaşçylyk etdi. Dialoga Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa hem-de Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew gatnaşdy.
Indiki Dialogyň 2027-nji ýylda Brýusselde geçirilmegi meýilleşdirilýär.