ÝB-niň Turkmenistandaky ilçisi Lebap welayatyny baryp gördi
2023-nji ýylyň 30-31-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine baryp gördi. Jenap Alonso häkimler, jemgyýetçilik guramalar, telekeçiler bilen duşuşdy.
Jenap Alonso Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimleri bilen duşuşdy. Taraplar ekologiýa, medeniýet we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy düzümi hökmünde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň welaýatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.
Saparyň dowamynda "Täze Zaman" jemgiýetiniň we Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Lebap welaýatynda ýerleşýän bölüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Täze Zaman jemgyýetçilik guramasy sebitiň ilaty bilen gender deňligi, adam söwdasy, maşgaladaky zorlugyň önüni almak we jaşlaryň mümkinçiliklerini we ösüşini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça zähmet çekýärler. Jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri işleriniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler we +993 (422) 34550 belgä jaň edip, gyzgyn telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmanyň mümkinçiligini bellediler.
1926-njy ýyldan bäri Türkmenistanda hereket edýän Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Lebap welaýatynda ýerleşýän bölüminiň wekilleri hem Lebap welaýatynda döredilen 4 sany ýaşlar merkezi bilen bilelikde ýaşlar bilen işleşmekden ybaratdyr. Duşuşygyň ahyrynda jenap ilçi, öňden bäri dowam edýän asylly däbe görä, Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň gäginde agag nahallaryny oturtdy.
EU Ambassador to Turkmenistan in Lebap
Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi "Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiliklerine goldaw" maksatnamasy ýaly Yewropa Bilelesigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalarda goldaw alan hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşdy. Restoran işi bilen meşgullanýan we naharhana hyzmatlaryny berýän Alpizza kärhanasy we jorap öndürmek bilen meşgullanýan "Bat Tekstil" hususy kärhanasynyň wekilleri "Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiliklerine goldaw" atly maksatnamasynyň çäginde Ýewropa Bileleşiginden konsultasiýa almagynda kärhananyň döredilmegi we onuň gelijekki meýilnamalary barada çykyş etdiler.
31-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti USAID bilen ÝUNESKO-nyň bilelikdäki başlangyjyny goldamagynda senetçilik eksporty üçin Lebapdaky elde ýasalan önümleriň eksport maksatnamasynyň üçünji tapgyryny başlatdy. ÝB-niň ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso, USAID-iň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky Milli Komissivasynyň başlygy hanym Çynar Rustamowa bilen bilelikde maksatnamanyň açylyş dabarasy geçirildi we Türkmenabat şäheriniň taryhy muzeýinde senetçilik sergisi başladyldy. Myhmanlara 40-a golay senetçileriň elde ýasalan eksponatlary hödürlendi. Jenap ilçi öz çykyşynda halkara donorlarynyň medeni mirasy gorap saklamak bilen baglanyşykly dünýäniň gün tertibinde ýiti global meselelerini çözmek bojunça edýän tagallalaryna goşulmagyň möhümdigini aýtdy.