ÝB-niň wekiliýeti we BOMKA 10 Maksatnamasy Jemgyýetçilik guramalar üçin media sowatlylygy boýunça okuw sapaklaryny geçirdi

Aşgabat, Türkmenistan– 2025-nji ýylyň 22-24-nji aprel aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMKA 10 Maksatnamasy bilen bilelikde Aşgabat şäherinde jemgyýetçilik guramalarynyň (JG) arasynda media sowatlylyk we strategik aragatnaşyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen üç günlik interaktiw okuw sapagy gurnadylar.
Aşgabat şäherinden we Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinden, hem-de onlaýn görnüşinde goşulan beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden BOMKA Maksatnamasynyň birinji we ikinji teklipler boýunça bäsleşiginiň çäklerinde grant alyjy JG-laryň wekilleri bu okuw sapaga gatnaşdylar.
Aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça sebitleýin bilermenler: aragatnaşyk we duýguly aň boýunça bilermeni hanym Irina Çistýakowa, aragatnaşyk we jemgyýetçilik gatnaşyklar boýunça bilermeni hanym Aýgül Bolotowa, hem-de maglumat howpsuzlygy boýunça bilermen jenap Atrýom Tarasow okuw sapakda ýolbaşçylyk etdiler.
Üç günlik okuw sapagyňdowamynda gatnaşyjylar maglumatyň görnüşleri, maglumat arassaçylygy, köpçülikleýin medialaryň mümkinçilikleri we howplary, faktlary barlamak tehnikalary, galp täzelikleri anyklamak gurallary hem-de jogapkärçilikli kontent döretmegiň strategiýalaryny öz içine alýan dürli mowzuklary öwrenip geçdiler. Häzirki wagtyň sanly gözýetiminde ugur almaga we onlaýn kontent bilen işlemekde tankydy pikirlenmegi artdyrmaga aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, okuw sapagyň dowamynda gatnaşyjylar media sowatlylygyň esasy alty sany ugur bilen tanyşdyryldy: tankydy pikirlenme, kiber howpsuzlyk, kontent döredijilik, nädogry maglumat bermek, sanly aragatnaşykda emosional aň, hem-de hil kontenty kesgitlemek we paýlaşmak. Mundan başga-da gatnaşyjylaryň ösüp barýan media tendensiýalar barada düşünjelerini giňeltmek üçin emeli aň gurallary we media sowatlylygyň esaslary boýunça sapaklar girizildi.
Okuw sapagyň interaktiw görnüşi gatnaşyjylara olaryň gazanan bilimlerini guramaçylyk işlerine hem-de türkmen aýratynlyklary göz öňünde tutup degişli hakyky durmuş ýagdaýlarynda peýdalanmak üçin mümkinçilik berdi.
Bu okuw sapagy, wajyp meseleler barada habardarlygy artdyrmak hem-de ilatyň ejiz toparlarynyň talaplaryny goramak boýunça gatnaşyjylaryň has netijeli gatnaşmagy boýunça ukyplaryny ýokarlandyryp, mümkinçilikleri artdyrmak boýunça BOMKA Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilen mundan öňki başlangyçlara esaslandy. Ol şeýle hem, JG-lara KHBS we wagyz-nesihat işlerinde oňyn tejribelerini alyş-çalyş etmek üçin möhüm platformany üpjün edip kärdeşleriň arasynda tejribe alyş-çalyş etmäge ýardam berdi.
Ýewropa Bileleşigi jemgyýetçilik guramalaryň ösüşini goldamak hem-de strategiki bilimleri paýlaşmak we tälim bermek arkaly ýerli guramalara goldaw bermek meselesinde ygrarly bolup galýar.