ÝB - Türkmenistan hyzmatdaşlygy: 2025-nji ýylda gazanylan sepgitleri jemlemek we 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikdäki metbugat brifingini geçirdi. Brifingiň dowamynda ÝB - Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň 2025-nji ýylda gazanan netijeleri jemlenildi hem-de 2026-njy ýyl üçin strategiki ileri tutulýan ugurlar beýan edildi. Çärä milli we halkara metbugatyň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet edaralary, ÝB agza döwletleriniň ilçileri, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň ýerine ýetiriji hyzmatdaşlary gatnaşdy. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň artmagynyň we onuň barha çuňlaşmagynyň nyşany boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa 2025-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan ýakyn we konstruktiw hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, pudaklaýyn ministrliklere we ÝB taslamalarynyň hyzmatdaşlaryna minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de ol ýyl boýunça ulag-aragatnaşyk, ýaşyl geçiş, söwda, bilim, saglygy goraýyş, daşky gurşaw we medeni alyş-çalyş ýaly ileri tutulýan ugurlarda anyk netijeleriň gazanylandygyny nygtady.
Ol ýokary derejeli saparlar we duşuşyklar bilen berkidilen syýasy dialogy aýratyn belledi. Şeýle saparlaryň hatarynda ÝW/WP Kaýa Kallasyň we Komissar Ýozef Sikelanyň saparlary, Türkmenistanyň ilkinji ÝB - Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagy, şeýle hem Aşgabatda geçirilen 20-nji ÝB - Merkezi Aziýa ministrler duşuşygy bar. Şeýle-de, ol Brýusselde 17-nji ÝB - Türkmenistan Adam hukuklary dialogynyň üstünlikli geçirilendigini ýatlap, ÝB-niň adam hukuklary, gender deňligi, zähmet hukuklary hem-de hukugyň hökmürowanlygy ugurlarynda konstruktiw hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň dowam edýändigini tassyklady.
Ilçi Peksa 2025-nji ýylda ÝB-niň esasy üstünliklerini we dowam edýän ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Ulag-aragatnaşyk boýunça ol Hazarüsti ulag geçelgesine berilýän goldawy, şol sanda tehniki kömegi we öňde boljak ÝB - Türkmenistan Işewürlik forumyna taýýarlygy nygtady. Ýaşyl geçiş we howanyň üýtgemegi bilen bagly çärelerde ol “Ýaşyl Türkmenistan üçin ÝB” taslamasynyň çäginde alnyp barylýan işi, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça bilim hyzmatdaşlyklaryny, şeýle hem “Team Europe” Su-Energiýa-Howa başlangyjynyň çägindäki sebit hyzmatdaşlygyny belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ÝB - Merkezi Aziýa möhüm çig mallar (CRM) boýunça Jarnamasyny goldamagy we “Global Gateway” bilen bagly gatnaşyklaryň ösdürilmegi arkaly möhüm çig mallar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeýändigini aýtdy. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlykda, bilimde, saglygy goraýyşda, zähmet hukuklarynda, serhet dolandyryşynda, neşe serişdeleriniň öňüni almakda, aýlawly ykdysadyýetde, raýat jemgyýetini goldamakda, biodürlüligi goramakda we medeni mirasy saklamakda möhüm netijeler bellenildi. Şeýle hem, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň giň möçberli çäreleri, şol sanda Ýewropa Medeniýet hepdeligi we Ýewropa gününi bellemek bilen bagly çäreleri, medeni çäreler hem-de media sowatlylygy boýunça başlangyçlar aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ÝB-niň dowam edýän gatnaşygyny garşy aldy we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyçlaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýetirýän täsirini belledi. Ol bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda “DARYA” taslamasyna aýratyn ünsi çekip, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda 5-nji “DARYA” ýokary derejeli çäräniň geçiriljekdigini aýtdy. Bu çäre Sebit derejeli gatnaşyjylary bir ýere jemläp, başarnyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy öňe itermek maksady bilen Milli bilim maslahatynyň yzýany guralar. Şeýle-de ol ulag-aragatnaşyk, ýaşyl energiýa we söwdany ýeňilleşdirmek boýunça ösüşi belledi we ÝB bilen ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny, şol sanda parlamentara dialogy, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary, milli ileri tutulýan ugurlar bilen sazlaşykly bilelikdäki başlangyçlary, şeýle-de ÝB - Merkezi Aziýa sammitinde kabul edilen ÝB - Merkezi Aziýa gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak boýunça Bilelikdäki ýol kartasynyň ýerine ýetirilişini güýçlendirmäge Türkmenistanyň ygrarlylygyny tassyklady.
“Team Europe” ruhunda Germaniýanyň we Fransiýanyň ilçileri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň we ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny bellediler. Germaniýanyň ilçisi 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen geçirilen ministrler duşuşygyny ýatlap, onuň energiýa, sebit howpsuzlygy, ulag, senagat we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlara gönükdirilendigini hem-de Berlin Ministrler Jarnamasy bilen tamamlanandygyny aýtdy. Fransiýanyň ilçisi 2025-nji ýylda medeniýetara taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, BSG goşulmagyň ähmiýetini, Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegini, sanly baglanyşygy we bilim hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin “Erasmus+” maksatnamasynyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Halkara guramalar bölüminiň direktory RöwşenAnnaberdiýew hem howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhümdigini, şol sanda ÝB - Merkezi Aziýa ýokary derejeli syýasy we howpsuzlyk dialogynyň çäginde hem-de Owganystan boýunça ýörite wekilleriň geňeşmeleriniň çäklerinde alnyp barylýan işi belledi. Şeýle-de ol hukugyň hökmürowanlygy we hukuk goraýjy edaralar boýunça sebitde amala aşyrylýan “BOMCA” we “CADAP” – iki esasy maksatnamanyň dowam etdirilmeginden türkmen tarapynyň kanagatlanmasyny aýtdy.
Öňe seredip, taraplar 2026-njy ýyl üçin uly maksatlary öz içine alýan gün tertibini beýan etdiler. Esasy ileri tutulýan ugurlar:
- Ýokary derejeli saparlar we syýasy dialogyň işjeňleşdirilmegi, şol sanda meýilleşdirilýän parlamentara duşuşyklar, Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ÝB - Merkezi Aziýa ministrler duşuşygy we nobatdaky ÝB - Türkmenistan Adam hukuklary dialogy, şeýle hem Brýusselde geçiriljek Bilelikdäki komitet mejlisi;
- 2026-njy ýylyň mart aýynda geçiriljek ilkinji ÝB - Türkmenistan Işewürlik forumy arkaly ykdysady gatnaşyklaryň we hususy pudak hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi;
- Aragatnaşyk, energiýa, sanlaşdyrma we möhüm çig mallar ugurlarynda “Global Gateway” başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilmegi;
- Serhet dolandyryşy, neşe serişdelerine garşy çäreler, gender deňligi we zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça sebit maksatnamalarynyň täze tapgyrlary;
- Bilim, ylmy-barlag we innowasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şol sanda “Horizon Europe” mümkinçilikleri we galan meseleler çözülenden soň “Erasmus+” boýunça hyzmatdaşlyga täzeden goşulmak mümkinçilikleri;
- Medeni diplomatiýa, ýaşlar bilen iş, media sowatlylygy we daşky gurşaw boýunça habardarlygy artdyrmak çäreleriniň dowam etdirilmegi.
Jemleýji çykyşlarynda Daşary işler ministriniň orunbasary Bäşimowa we Ilçi Peksa ähli ministrliklere, Adam hukuklary boýunça ýörite wekiliň edarasyna, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyna, halkara guramalara, raýat jemgyýetleri hyzmatdaşlaryna, ýokary okuw mekdeplerine, meýletinçilere, ÝB agza döwletlerine we taslama toparlaryna dowam edýän hyzmatdaşlygy we ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Bilelikdäki metbugat maslahaty 2026-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň dialoga, özara hormata we parahatçylyk hem howpsuzlyk, durnukly ösüş, sebit durnuklylygy hem-de abadançylyk boýunça umumy garaýşa esaslanýan hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklandy.