ÝB tarapyndan maliýeleşdirilen “Media sowatlylygy we emeli aňyň mazmuna goşulyşy” atly türgenleşik Aşgabatda geçirildi
2025-nji ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky “Bouygues Turkmen” Karbon okuw merkezinde “Media sowatlylygy we emeli aňyň mazmuna goşulyşy” atly Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gurnalan üç günlük türgenleşik geçirildi.
Çärede Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem media pudagynda işleýän hünärmenleriň 20-den gowragy gatnaşdy. Olar häzirki media gurşawynda media sowatlylygyny, fakt barlagy usullaryny, we emeli aň tehnologiýalarynyň ahlakly ulanylmagyny ösdürmek boýunça başarnyklaryny kämilleşdirdiler.
Bu türgenleşik Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “CARAVAN” taslamasynyň — “Merkezi Aziýada açyk we ynamly maglumat giňişligini ösdürmek” maksatnamasynyň — çäklerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň goldawy bilen geçirildi. Taslama maglumat durnuklylygyny pugtalandyrmagy, media ukyplaryny ösdürmegi we Merkezi Aziýada dezinformasiýa garşy göreşi goldamagy maksat edinýär.
Üç gün dowam eden okuw döwründe gatnaşyjylar emeli aň gurallaryny media önümçiligine goşmagyň amaly usullaryny öwrenip, mobil žurnalistika, storytelling (şahsy gürrüň beriş) we emeli aňyň žurnalistikada ahlakly ulanylyşy boýunça tejribe alyşdylar.
“Ýewropa Bileleşigi žurnalistleri we mazmun döredijileri öz taryhyny aýdyp bilmek hem-de öz maglumat giňişliklerini ösdürmek üçin zerur gurallar we ynam bilen üpjün edýän başlangyçlary goldaýandygyna buýsanýar. Şeýle türgenleşikler arkaly biz media sowatlylygyny, ahlakly aragatnaşygy we emeli aňyň döredijilikli ulanylyşyny ösdürmek arkaly açyk we habarly jemgyýetleri döretmegi maksat edinýäris” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Borislaw Dimitrow belledi.
Türgenleşik gatnaşyjylara diňe täze bilim we amaly gurallar bermek bilen çäklenmän, eýsem, akademiki guramalar bilen media hünärmenleriniň arasynda pikir alyşmak üçin möhüm bir platforma öwrüldi.
Bu başlangyç, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynda media sowatlylygyny ösdürmek, şeýle hem garaşsyz, ahlakly we durnukly medianyň ösmegine goldaw bermek boýunça giň gerimli tagallalarynyň bir bölegidir.
CONTACT DETAILS
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýeti
Salgysy: Jelaletdin Rumy (Andijan, 2054) köçesi, jaý 46, 744000 Aşgabat, Türkmenistan
Tel: +993 12 362 203
E-poçta: Aygul.BASHIMOVA@eeas.europa.eu