Ýewropa Bileleşigi Aşgabatdaky her ýylky Roždestwo kitap ýarmarkasynyň däplerini dowam etdirýär

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti üçünji ýyl yzygiderli Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny begendirýän özüniň her ýylky Roždestwo kitap ýarmarkasyny açyk howada geçirdi. Çäre wekiliýetiň howlusynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitaplary, medeniýeti, durnuklylygy we baýramçylyk ruhuny baýram etmäge çagyrdy.

Roždestwo kitap ýarmarkasynyň esasy maksady okamak endiklerini we kitaba bolan gyzyklanmany ösdürmek, Ýewropa ýurtlarynyň Roždestwo ýarmarkalarynyň däplerini paýlaşmak we kitap alyş-çalşygy arkaly jogapkär we daşky gurşawa düşünjeli hereket ýörelgelerini höweslendirmek boldy.

Şu ýyl kitap açlyş-çalyş nokady Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan iň peýdaly we meşhur kitaplaryň iňlis we fransuz dillerinde serpaý bermegi bilen has meşhur boldy. Bu başlangyç myhmanlara kitaplary alyş-çalyş etmäge we olara täze durmuş bermäge mümkinçilik berdi, netijede durnukly sarp ediş endiklerine goşant goşdy.

Ýarmarka köp sanly myhmany özüne çekdi. Olar Aşgabatdaky tanalýan kitap dükanlarynyň hödürleýän giň görnüşli kitaplaryny gözden geçirdiler. Ýaş kitap söýüjileri Çagalar üçin gurnalan test soraglaryna gatnaşyp, söýülen hekaýalar we edebi gahrymanlar bilen baglanyşykly bilimlerini synap gördüler, şeýle hem Santa hat ýazmak, palçykdan heýkeljikleri modelleşdirmek we boýamak, surat çekmek we reňklemek ýaly döredijilikli çärelerde işjeň gatnaşdylar. Adaty Ýewropa süýji iýmitleri we baýramçylyk aýdym-sazlary çärä ýyly we mähirli atmosfera goşdy, bu bolsa her ýaşdaky myhmanlar üçin gyzykly ýer boldy.

Roždestwo kitap ýarmarkasy ýene-de bir gezek medeni alyş-çalyşygyň platformasyna öwrüldi, Ýewropa Bileleşiginiň baý medeni däplerini görkezdi we adamlary bilim, durnuklylyk we jemgyýetçilik işjeňligi ýaly umumy gymmatlyklaryň üstünde birleşdirip, bir ýere jemledi.