Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak
Her bir okuw maslahaty takmynan 30 gatnaşyjyny – kontent döredijileri, media hünärmenlerini, mugallymlary we talyplary – jemledi. Olar döredijilik pikirlerini ösdürmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga we ösýän maglumat giňişliginde häzirki zaman sanly gurallaryň jogapkärli ulanylyşyny ilerletmäge gyzyklanma bildirdiler.
Okuw maslahatlar Ýewropa Bileleşigitarapyndan maliýeleşdirilýänsebitleýinCARAVAN taslamasynyň çäklerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň goldawybilen guraldy. Taslamanyň Merkezi Aziýadaky esasy maksatlarynyň arasynda hünär ösüşini goldamak, media we maglumat sowatlylygyny berkitmek hem-de kontent döretmegiň jogapkärli usullaryny öňe sürmek bar.
Okuwlaryň dowamynda wizual we hekaýa görnüşindäki beýan (storytelling), kontent döretmegiň we öndürmegiň etik taraplary, materiallary netijeli meýilleşdirmek we ýaýratmak, şeýle hem döredijilik we redaksiýa işlerinde emeli aň ýaly häzirki zaman sanly gurallary ulanmak ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksatnama hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky çykyşlary amaly maşklar we interaktiw çekişmeler bilen utgaşdyrdy.
Okuw maslahatlar Gazagystandan gelen tejribeli sebitleýin hünärmenler tarapyndan geçirildi.
European Union
“Döwrebap hünär başarnyklarynyň ösdürilmegini goldamak – bu adam mümkinçiliklerine goýulýan maýa goýumdyr. Kontent döretmäge jogapkärli çemeleşme häzirki wagtda çalt üýtgeýän maglumat gurşawynda ynamy, hili we uzak möhletleýin gymmaty döretmäge ýardam berýär,” diýip, Maçeý Madaliński, ÝB-nyň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary, açylyş çykyşynda belledi.
Täze bilimleri we başarnyklary gazanmak bilen birlikde, okuw maslahatlar dürli ugurlardan gelen gatnaşyjylar üçin özara aragatnaşyk gurmak we tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Adalatly we durnukly media gurşawyny döretmek maksady bilen, gatnaşyjylar hakykatçyllygyň, takyklygyň, jogapkärçiligiň we döredijilik aýratynlygynyň möhümdigini nygtadylar.
Media sowatlylygy boýunça okuw çäreleriniň üsti bilen, Ýewropa Bileleşigi dezinformasiýa we FIMI-e (daşary ýurt maglumat manipulýasiýasy we gatyşmasy) garşy durnuklylygy berkitmegi hem-de durnukly media ekoulgamlaryny ösdürmegi goldaýar, şeýlelik bilen hünärli, jogapkärli we etik media jemgyýetiniň ösüşine goşant goşýar.