Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan Aşgabatda geçirilen Işewürlik forumunda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyryýarlar
“Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly ÝB-Türkmenistan işewürlik forumy 2026-njy ýylyň 26-njy martynda Aşgabat şäherinde geçirildi. 200-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemlän bu Forum ilkinji gezek Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli syýasatçylaryny, işewür ýolbaşçylaryny, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň we halkara guramalaryň wekillerini jemläp, söwda, maýa goýumlar we durnukly hyzmatdaşlyk boýunça täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.
Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan, hem-de Halkara söwda merkezi (HSM) bilen hyzmatdaşlykda gurnalan Forum, ÝB-niň “Global Gateway” maksatlaryna ýetmege ýardam berip, söwda, maýa goýumlar we durnukly ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça dialogy ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.
Maksatnama üç sany mowzuklaýyn mejlisleriň çäklerinde ýokary derejeli alyş-çalyşlary bilen maksatlaýyn tehniki gepleşikleri öz içine aldy:
-
işewürlik gurşawy we maýa goýum şertleri,
-
ulag we söwda arabaglanyşygy,
-
ýaşyl geçiş, şol sanda gaýtadan dikeldilýan energiýa we metan zyňyndylaryny azaltmak.
Forum döwlet we hususy pudaklaryň wekilleriň arasynda maýa goýum mümkinçilikleri, kadalaşdyryş ugrunda hyzmatdaşlyk hem-de söwda amallaryny ýeňilleşdirmek maksatlaýyn gepleşikler üçin meýdança öwrüldi. Bu bolsa Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Foruma logistika we ulag, energetika, gurluşyk, söwda we maglumat tehnologiýalary ýaly dürli pudaklara wekilçilik edýän 90-dan gowrak ýewropa we türkmen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde, HSM tarapyndan amala aşyrylýan we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” taslamasynyň goldawy bilen oba hojalyk we dokma pudaklaryndan on sany türkmen kompaniýasy öz önümlerini görkezdi we halkara hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyklary ýola goýdy.
Aýratyn networking bölümleri, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň we geljekki maýa goýum başlangyçlaryň ösmegine ýardam edip, “işewürlik-işewürlik” (B2B) we “işewürlik-döwlet” (B2G) shemalary boýunça geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde göni arabaglanyşygy ýola goýmaga goldaw berdi. Umuman, çäräniň dowamynda ÝB ýurtlaryndan kompaniýalar bilen türkmen häkimiýetleriniň arasynda 40-dan gowrak duşuşyklar geçirildi. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ýokary gyzyklandyrmanyň bardygyny subut edýär.
“Geljege seredip, biz ÝB-niň "Global Gateway" başlangyjynyň çäginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň ileri tutulýan ugurlaryny görýäris. Bularyň arasynda global söwda ulgamyna mundan beýläk-de integrasiýa, işewürlik we maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda netijeli we ygtybarly ulag gatnaşyklaryny ösdürmek bar" diýip, ÝB-niň Turkmenistandaky ilçisi Beata Peksa aýtdy.
"Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ösýän hyzmatdaşlygy görkezýän bu forumyň guramaçylygynda ýardam berip bilendigimize buýsanýarys. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, ÝB tarapyndan ýurtda maliýeleşdirilýän çäreleri durmuşa geçirip, biz Türkmenistana işewürlik we maýa goýum üçin täze mümkinçilikleri açmaga, şol sanda ýurduň BSG goşulmak prosesiniň bir bölegi hökmünde kömek edýäris" diýip, Halkara Söwda Merkeziniň Bazary ösdürmek bölüminiň direktory Monder Mimouni aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi özgertmeleri goldamak, gatnaşyklary berkitmek we ýurtda we tutuş sebitde durnukly maýa goýumlary üçin mümkinçilikleri açmak maksady bilen Türkmenistan we onuň halkara hyzmatdaşlary bilen ýakyndan işleşmegini mundan beýläk hem dowam etdirer.