Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso Türkmenistanyň täze bellenen Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşygy geçirildi. ÝB-niň ilçisi we ministriň orunbasary Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alşyldy.

ÝB-niň ilçisi 2023-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň 30-njy ýyllygyny belläp geçdigini belledi.Bu döwrüň dowamynda taraplar adam hukuklary, kanunyň hökmürowanlygy, demokratiýalaşma, bilim, gümrük, oba hojalygy, energiýa, tranzit, logistika, ykdysadyýet we başga dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etdiler.Täze global we sebitleýin kynçylyklar bilen, Türkmenistanda ýaşyl geçişe we işewür howany gowulaşdyrmak ugrundaky ileri tutulýan çärelere täzeden garamak we bar bolan aragatnaşyk kanallaryny, şol sanda ýyllyk ikitaraplaýyn ýokary derejeli ýygnaklaryň üsti bilen güýçlendirmek möhümdir.

ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30-njy ýyllygyny belleýän şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklary başga bir derejä çykaryp, hukuk binýadyny üpjün etmek üçün şeýle hem Özara Hyzmatdaşlyk Şertnamalary (PCA) tassyklamakda öňe gitmek üçin ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakalanyň, ÝB-niň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmoryň we Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň meýilleşdirilen saparlaryndan peýdalanmagyň zerur boljagyny aýtdy. Bu babatda ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada hanym Bäşimowa tarapyndan bellenildi.Bu babatda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy, şol sanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy nygtaldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşiniň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada hem bellediler.Şol bir wagtda 2019-njy ýylyň iýunynda kabul edilen hem-de sebitde hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik esasyny üpjün edýän Ýewropa Bileleşigiň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň ähmiýetini hem nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn wagtda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn taslamalaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.