Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamasy kriminalistika bölümler üçin foto we wideo kameralary berdi

2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň Esasy derňew müdirliginiň Kriminalistika bölümine, foto we wideo kameralary resmi ýagdaýda gowşurdy.

Gowşurylan enjamlaryň sanawyna fotokamera we ýagtylandyryjy, dürli obýektiwler we aksessuarlar, üç sany wideokamera we olaryň aksessuarlary we sumka girýär. Görkezilen enjamlar, serhetde bolan jenaýatlaryň ýerini barlamak üçin ulanyljakdygyny belläp geçmeli. Şeýle hem, meselem, obýektiwli fotokamera kazyýet suratlaryň kadalaryna laýykda surata düşürmäge kömek eder. Wideo kameralaryň ulanylmagy, wakalaryň bolan ýerini gözden geçiriňde beýleki derňew işleri geçirlende, hususan-da şübhelenýän, günäkärlenýän ýa-da şaýadyň görkezmesini ýerinde bellemek üçin zerur bolar.  

Bu enjamlar, BOMKA 10 Maksatnamasy tarapyndan, milli hyzmatdaşlaryň ýörite ýüz tutmasy esasynda satyn alyndy we gelejekde BOMKA Maksatnamasynyň gazanýan netijelerini goldaýan degişli edaralaryň tehniki binýadyny berkider.

Image
BOMCA 10 supports forensic units of Turkmenistan

BOMKA Maksatnamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.