Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti we USAID Lebap welaýatynyň senetçilerine öz önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döredýär
2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan- Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýeti hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID), ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň goldaw bermeginde, «Lebap Handmade Exports» (Lebap HME) maksatnamasynyň jemleýji çäresini gurnadylar. Bu çäränin dowamynda Türkmenistanyň ussat senetçileriniň önümleriniň sergisi hem-de emin agzalaryna özleriniň täze biznes taslamamalaryny we önümlerini hödürlän maksatnamanyň on sany finalistiň arasynda bäsleşik geçirildi.
“Lebap HME” maksatnamasy senetçilik önümleriň bazarlaryny artdyrmak we halkara satuwlary ýokarlandyrmak üçin türkmen senetçileriniň önümlerini “eBay” onlaýn bazarynda we beýleki halkara söwda platformalarynda ýerleşdirmegi maksat edinýär. Alty aýyň dowamynda “Lebap HME” maksatnamasynyň 20 sany gatnaşyjysy önümiň dizaýny, sosial media marketingi, mahabat bildirişlerini ýazmak , surata düşürmek we sanly marketing ýaly ugurlar boýunça gymmatly bilim aldylar. Şeýle-de, bu maksatnama täze hyzmatdaşlar we türkmen senetçilikleriniň esasy bazary bolan ABŞ-nyň onlaýn dükanlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikleri döretdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa 100-den gowrak çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle belledi: "Biz indi serhetlerimiz ýok bolan, we adamlaryň, harytlaryň, maýa we hyzmatlaryň erkin hereket etmekden lezzet alýan Ýewropa Bileleşiginde erkin söwdanyň adamlary birleşdirýändigine we birek-birege - däp-dessurlarymyza we medeniýetimize has gowy düşünmegimize kömek edýändigine ynanýarys. Bu bolsa has gowy hyzmatdaşlygymyza, gepleşiklerimize we parahatçylykly ýaşaşmagymyza goşant goşýar.”
Şanly baýrak gowşurylyş dabarasynda maksatnamanyň üç gatnaşyjysy guramaçylardan we sponsorlardan sowgat aldylar. Maýsa Öwezowa özüniň durnukly biznes modeli, innowasion telekeçilik çemeleşmesi we prezentasiýa ussatlygy üçin birinji orna mynasyp boldy.
2023-nji ýylyň aprelinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde başlanan “Lebap HME” maksatnamasyny USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy (FGI) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti bilelikde gurnadylar. Şeýle hem, bu maksatnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary tarapyndan uly goldaw berildi.