Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa ynanç hatynyň nusgasyny Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa gowşurdy

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan - Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Beata Peksa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary we Daşary işler Ministri jenap Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Ilçi Peksa Ministr Meredowa ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Muňa jogap edip, jenap Meredow hanym Beata Peksany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik missiýasynda goldaw berjekdigini tassyklady.

Ilçi Peksa Raşid Meredowa we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän özara ylalaşylan maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekdäki hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu ýyl Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenýär. Bu, şu güne çenli gazanylan üstünlikleri synlamaga we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly meýilnamalary düzmäge mümkinçilik berdi. Bu ugurda taraplar aragatnaşyk, ulag, energiýa, söwda we ykdysady gatnaşyklar, bilim, adam hukuklary we howpsuzlyk ýaly dürli pudaklarda bilelikdäki kärhanalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.