Ýewropa Birleleşigi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologiýa ugrundaky mümkünçiliklerini ýöriteleşdirilen awtolulaglar bilen berkidýär
Iki sany awtoulag, gulluk itleri we kinologlary daşamaklyga niýetlenip, Türkmenistanyň kinologiýa bölümçeleriniň ykjamlylygyny we dessin netijeligini ýokarlandyrar. Olar Aşgabat şäheriniň Kinologiýa merkezinde we Mary welaýatynyň Seržantlary we hünärmenleri taýýarlaýyş mekdebiniň atçylyk we kinologiýa merkezinde ulanylarlar, şol bir wagtyň özunde milli we sebitleýin serhet howpsuzlygyny üpjün etmeklikde gönüden-göni goşant goşarlar.
Gowşurylyş dabarasynda, Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Peksa Türkmenistanyň we Ýewropa Birleşiginiň köp ýyllyk hyzmatdaşlygyny belläp geçdi. Ilçi Ýewropa Birleşigi BOMKA 10 maksatnamasynyň gazananlaryna esaslanyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen serhetleri dolandyrmak ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlygy goldaýar.
Türkmenistanyň Kinologiýa gullugynyň başlygy Döwletmyrat Gurtlyýew öz gezeginde bu awtoulaglar tutuş ýurdyň kinologiýa bölümleriniň mümkinçiliklerini we taýýarlygyny has-da ýokarlandyrar diýip belläp geçdi. Ýewropa Birleşigine we BOMKA 10 maksatnamasyna minnetdarlygyny belläp, ýolbaşçy bu hyzmatdaşlyk ähli Merkezi Aziýa sebitinde gümrük we serhet gulluklarynyň kinologiýa bölümleriniň berkemeginde görnükli netijeleri berýändigini belläp geçdi.
BOMKA 10 maksatnamasy Türkmenistanyň kinologiýa gulluklaryny köp wagtdan bäri kämilleşmegini goldaýar. Maksatnamanyň çäginde hünärleriň derejelerini ýokarlandyrmak boýunça sebitleýin okuwlary geçirdi we kinologlaryň arasynda ýaryşlary gurnady, gulluk itleri we döwrebap enjamlar gowşuryldy, şeýle hem bilimleri paýlaşmak üçin platformalar döredildi. Türkmen kinologlary maksatnama tarapyndan Almaty şäherinde kinologlaryň arasynda gurnalan ýarşynda birinji we üçinji ýerleri alyp, gowy netijeleri görkezdiler.
Bu goldaw subutnamalara esaslanýan derňewleri amala aşyrýan hukuk goraýjy edaralara goldaw bermeklige gönükdirilen maksatnamanyň “Jenaýatlary ýüze çykarmaklykda kuwwatyny ýokarlandyrmak” atly 2-nji bölüminiň çäginde berildi.