Ýewropa Güni 2023 mynasybetli “MYSELVES” spektakl çykyşy

2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Gününi bellemekden başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Fransuz instituty bilen bilelikde, Türkmenistanda ilkinji gezek Ýewropanyň häzirki zaman sungatynyň iň täze ugurlarynyň biri bolan, sanly we interaktiw tehnologiýalarynyň ulanylmagyndaky spektakly görkezildi. 

31-nji maýda we 1-nji iýunda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyň binasynda geçirilen “K. Danse” tans toparynyň çykyşyna (Tuluza, Fransiýa) 1000-den gowrak tomaşaçy ýygnandy.

“K. Danse” topary tarapyndan döredilen interaktiw horeografiki çykyş “Myselves” – bu “InfoMus Casa Paganini” ylmy merkezi (Genoa, Italiýa) tarapyndan ösdürilen, tansçy bilen sanly wizual we ses enjamynyň arasyndaky dialog bolup durýar. Agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu görnüşi häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde giňden ýaýrap,ol Türkmenistanda ilkinji gezek ýerine ýetirildi.

Bu çykyş 2023-nji ýyldaky möhüm wakalaryň biri bolup, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hyzmatdaşlyk etmeginde gurnaldy.

.

Image
Myselves performance poster