Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Nýu-York, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabry - BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň düýp tutulmagynyň 30 ýyllygy  bellenilýär. Şeýlelik bilen, ýygnak bu gatnaşyklaryň umumy gazananlaryny gözden geçirmäge we ikitaraplaýyn hem, Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa Dialogynyň çäginde hem geljekdäki hyzmatdaşlyk barada pikirlenmäge gowy mümkinçilik döretdi.

Ýewropa Bileleşigi köpden bäri Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup, ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi üçin esasy ileri tutulýan ugurlary çözmäge gönükdirilen köp sanly ýöriteleşdirilen taslamalara we maksatnamalara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Ykdysady ösüş, kanunlary täzeden gözden geçirmek, bilim, oba hojalyk, suw dolandyryş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlary öz içine alýar.

Iki lideriň arasyndaky gepleşik bar bolan dürli potensialy göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň geljegi barada işjeň pikir alyşmak bilen tapawutlandy.