Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň, Ýewropa Komissiýasynyň prezidentiniň we Ýewropa Parlamentiniň prezidentiniň Russiýanyň Ukraina çozmagynyň üç ýyllygy mynasybetli bilelikdäki beýannamasy

Üç ýyl mundan ozal Russiýa Ukraina garşy giň gerimli we bikanun agressiýa urşyny başlady. Russiýanyň gazaply urşy raýat we möhüm infrastrukturany nyşana alýar. Ukrain halky öz ýurdyny we halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini gorap, batyrlygyny görkezdi. Biz Ukrainanyň garaşsyzlygy we azatlygy üçin öz janlaryny pida eden we ýakynlaryny ýitiren adamlaryň ählisine hormat goýýarys. 

Russiýa we onuň ýolbaşçylary şu uruş we ukrain halkyna garşy edilen ähli wagşyçylyklar üçin ýekeleýin jogapkärçilik çekýär. Biz ähli harby jenaýatlar we adamzada garşy jenaýatlar üçin jogapkärçilige çagyrmagy dowam edýäris. Biz Ukraina garşy agressiýa jenaýaty boýunça Ýörite tribunaly döretmek üçin ýakyn wagtda edilen ädimleri goldaýarys. 

Ýewropa Bileleşigi we onuň hyzmatdaşlary Ukrainany goldamak üçin dessine we agzybir hereket etdiler. Ýewropa Bileleşigi umumy 135 mlrd ýewro deň bolan ykdysady, ynsanperwer, maliýe we harby ýardamyny üpjün etdi, we olardan 48,7 mlrd ýewro harby kömegini düzýär. Ýewropa Bileleşigi uruşdan soň ýurduň gaýtadan dikeldilmegini öz içine alýan, yzygiderli we durnukly maliýe ýardamyny bermegi dowam eder. 

Russiýa we onuň halky öz ýolbaşçylygynyň hereketleri üçin jeza çekýärler. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Russiýa we urşa degişlilere garşy deňi taýy bolmadyk sanksiýalary girizdik, şeýle hem Russiýanyň urşy alyp barmaga ukybyny çäklendirmek üçin oňa tarap basyşy güýçlendirmäge taýýar. Biz eýýäm doňdurylan rus aktiwlerinden gelen girdejileri Ukrainanyň goranmak senagatyna we energetiki gaýtadan dikeldilmegine ýardam bermek üçin peýdalanýarys. Şu gün biz Russiýanyň agressiw urşyny bes etmek üçin oňa garşy bilelikdäki basyşy mundan beýläk hem güýçlendirmek üçin sanksiýalaryň on altynjy tapgyryny kabul etdik. 

Muňa ugurdaşlykda biz ýewropa goranyş önümçiligini artdyrmak üçin ÝB derejesinde öň deňi taýy bolmadyk çäreleri gördük, we biz öz mümkinçiliklerimizi artdyrmagy dowam ederis. Bu, bir wagtda goranyş taýýarlygymyzy we ýewropa özbaşdaklygymyzy berkidip, bize harby goldawymyzy we Ukraina bilen hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. 

Ukraina biziň ýewropa maşgalamyzyň bir bölegidir. Ukrain halky Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde öz geljegini görmek islegini bildirdi. Biz muny Ukraina dalaşgär-ýurt statusyny berip we goşulmak barada gepleşikleri başlap ykrar etdik. Ukraina, iň agyr şertlerde goşulyşmak bilen bagly özgerişlerde ep-esli derejede ösüşleri gazandy. Biz Ukrainany eýýäm ÝB-niň içerki bazaryna ornaşdyrýarys. Ukrainanyň we onuň raýatlarynyň geljegi – Ýewropa Bileleşiginde. 

Çylşyrymly halkara we geosyýasy gurşawda biz Ukraina bilen atlantiküsti we ählumumy raýdaşlygy saklamagyň möhümdigini nygtaýarys. Halkara jemgyýetçiliginiň, Ukrainanyň parahatçylyk formulasyna esaslanýan hemmetaraplaýyn, adalatly we dowamly parahatçylygy gazanmakda Ukraina goldaw bermegini dowam etdirmeginiň zerurdygyny nygtaýarys.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we adalatlylygyň höküm sürjekdigini tassyklap, biz Ukraina bilen berk durýarys.