2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýörite wekilleri we ilçileri we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň çäginde kabul edilen Bilelikdäki beýýanamasy

25-nji – 26-njy maýda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýörite wekilleriniň we Owganystan boýunça ýörite ilçileriniň we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaýlar barada çuňňur özara pikir alyşmak üçin mümkinçilik döretdi we Owganystanyň halkyna ýardam bermekde we umumy gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde dowam etdirilýän hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Duşuşykda BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça Ýörite Wekili (UNAMA SRSG) Roza Otunbaýewa bilen Bütindünýä Bankynyň ýurt boýunça direktory Melinda Gud, şeýle hem Bütindünýä bankynyň Gazagystan boýunça direktory Andreý Mihnew bilen wideo baglanyşyk arkaly pikir alyşdylar.
Ýörite Wekiller we Ilçiler
1. Owganystanyň halkyna we Owganystanyň uzak möhletli parahatçylygyny, şeýle hem hemişelik durnukly, asuda we gülläp ösýän ýurda öwrülmegini görmek üçin berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.
2. Daşkentde, Almatyda we Brýusselde, şol sanda adam hukuklary we howpsuzlyk bilen baglanyşykly bu ugurda geçirilen duşuşyklardan soň, öňki beýannamalarda beýan edilen ýörelgeleri we tamalary gaýtadan bellediler we tassykladylar.
3. Owganystanyň ähli raýatlarynyň durmuş, syýasy, sosial, ykdysady we medeni hukuklaryny goraýan wekilçilikli hökümeti gurmagyň möhümdigini aýratyn bellediler.
4. BMG-nнň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2681 (2023) Rezolýusiýasy esasynda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň barha artýan eroziýasy we agyr ykdysady we ynsanperwerlik ýagdaýy bilen baglanyşykly aladalary gaýtadan bellediler we halkara jemgyýetçiliginiň halkara hukugyna we bütindünýäde kabul edilen halkara kadalar we ýörelgeler esasynda, kynçylykly ýagdaýlara garamazdan, Owganystanyň halkyna ýörite goldaw bermegini dowam etdirmek ugrundaky tagallalaryny tassykladylar.
5. Talibanlaryň owgan gyzlaryna we aýallaryna bilim almak, zähmet çekmek we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak hukugyny çäklendirýän ähli gadaganlyklary aradan aýyrmaga çagyrdylar. Bu çäklendirmeler adam hukuklarynyň çynlakaý bozulmagy bilen çäklenmän, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek, owgan ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi we ahyrky netijede Owganystanyň uzak möhletleýin durnuklylygy we parahatçylygy gazanmak ukybyna zeper ýetirýär.
6. Owganystanyň ykdysadyýetiniň durnuklaşdyrylmagy we dikeldilmegi bilen bagly garaýyşlar we kynçylyklar ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ykdysady işjeňlik, maliýe we bank pudagy we Owganystandaky durmuş-ykdysady infrastrukturanyň dikeldilmegi üçin amatly şertleriň ähmiýeti bellenildi, bu bolsa halkara jemgyýetçiliginiň mundan beýläk-de ýardam bermegine mümkinçilik döreder.
7. Gatnaşyjylar Talibanlaryň Owganystanyň territoriýasyny terrorçylyk we zorlukly ekstremizmi meýilleşdirmek, tälim bermek, maliýeleşdirmek ýa-da eksport etmek üçin ygtybarly ýer hökmünde ulanmazlygyna çagyrdylar.
8. Owganystandan dörän terrorçylyk, zorlukly ekstremizm, bikanun neşe serişdelerini geçirmek we serhetara bikanun hereketler ýaly ýaramaz täsirler sebite uly zeper ýetirer. Şeýle hem, umumy tebigy baýlyklardan peýdalanmak ähli goňşy ýurtlaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Gatnaşyjylar sebitdäki ýurtlaryň we guramalaryň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlaryň şeýle wakalaryň öňüni almak we çözmek boýunça edýän tagallalaryny goldadylar.
9. Owganystanda we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy görmek isleýän umumy maksadymyzy göz öňünde tutup, gatnaşyjylar bu duşuşyga gatnaşyjylaryň we has giň halkara jemgyýetçiliginiň arasynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny bellediler.
10. Gatnaşyjylar bu sebitleýin görnüşindäki duşuşyklary konsultasiýa, utgaşma we hyzmatdaşlyk üçin platforma hökmünde dürli ýerlerde yzygiderli dowam etdirmekde özara ylalaşdylar we indiki duşuşygy güýzde geçirmek boýunça teklibi biragyzdan goldadylar.