Aşgabat Ýewropa gününi «Ýewropa syýahat» atly interaktiw festiwal bilen belledi

Ashgabat, 30-njy maý 2026 ýyl — Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanda Ýewropa gününiň bellenilmeginiň çäginde Aşgabadyň «Arkaç» söwda merkezinde «Ýewropa syýahat» atly interaktiw festiwaly gurady.

Maşgala çäresi hökmünde göz öňünde tutulan festiwal, «Arkaç» söwda merkezini Ýewropa boýunça syýahata öwürdi we gelýänleri okuw, göwün açyjy çäreler hem-de interaktiw oýunlar arkaly Ýewropa Bileleşiginiň we onuň agza bolan 27 döwletiniň medeni köpdürlüligi bilen tanyşmaga çagyrdy.

Çäräniň iň gyzykly pursatlaryndan biri «ÝB pasport kwesti» boldy. Bu özüne çekiji ýaryşda gatnaşyjylardan söwda merkeziniň içinde ýerleşýän we ÝB döwletleriniň äheňinde bezelen nokatlara aýlanmak talap edildi. Gelýänler ýörite taýýarlanan syýahatçy pasportlaryny aldylar we dürli bäsleşikler, interaktiw tabşyryklar hem-de medeni tanyşlyklar arkaly Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Ähli nokatlardan möhürleri ýygnan we kwesti üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara ÝB-niň nyşany bolan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Festiwalda günüň dowamynda ÝB-niň ähli agza ýurtlarynyň stendleri, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň tanyşdyrylyşy, sazly we sahna çäreleri hem-de dürli göwün açyjy oýunlar görkezildi we bu çäre her ýaşdaky gelýänler üçin Ýewropa gününiň şatlykly gurşawyny döretdi. Çärä Türkmenistanda akkreditirlenen ÝB agza ýurtlarynyň ilçileri hem gatnaşyp, olar gelýän adamlar bilen gürrüňdeş boldular we kwestiň dowamynda gatnaşyjylar bilen pikir alyşdylar. Maksatnamada medeni alyş-çalyşyň we dostlugyň ruhuny görkezýän ýewropa hem-de türkmen tanslary, şeýle hem türkmen aýdymlary ýerine ýetirildi. Bu çäre tomaşaçylara ýewropa we türkmen medeniýetlerini birleşdirýän baýlygy, köpdürlüligi we umumy gymmatlyklary duýmaga mümkinçilik berdi.

Festiwal Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky adamara gatnaşyklary berkitmäge, ÝB barada maglumatlylygy ýokarlandyrmaga, «Global Gateway» (Ählumumy derwezeler) başlangyjyny we Türkmenistanda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalary mahabatlandyrmaga hem-de medeniýetara gepleşikleri gyzykly we elýeterli görnüşde höweslendirmäge gönükdirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa özüniň gutlag sözünde şeýle belledi: «Türkmen halysynyň köp sanly çitimlerden dokalşy ýaly, Ýewropa hem dürli halklardan, dillerden, däp-dessurlardan we medeniýetlerden ybaratdyr. Bu gün sizde munuň şeýledigine göz ýetirmäge mümkinçilik bolar diýip umyt edýäris. Geliň, ýewropa we türkmen medeniýetleriniň baýlygyny we köpdürlüligini bilelikde belläliň!»