Aşgabat şäherindäki “YOUTHx” Festiwaly ÝB-niň ýaşlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrmaga ygrarlygyny görkezdi

2025-nji ýylyň 12-nji awgustynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Halkara ýaşlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen YOUTHx festiwalyna goldaw berdi. Bu çäre, “Creative Corner” we «Ynamly Kepil» bilen bilelikde gurnalyp, ol paýtagtyň dürli künjeginden gelen ýaşlary bir günlük seminarlar, gepleşikler we alyş-çalyşlar üçin birleşdirdi.

Festiwal sanly zamanda ýaşlary kuwwatlandyrmaga gönükdirildi we aragatnaşyk, liderlik we taslamany dolandyrmak ýaly möhüm başarnyklary ösdürmek üçin platformany döretdi. Birnäçe interaktiw seminarlar arkaly, gatnaşyjylar köpçüligiň öňünde çykyş etmek, sanly edep, toparlaýyn işlemek, maksatlary kesgitlemek we çözgütleri kabul etmek ýaly mowzuklary öwrendiler. Ähli sessiýalara ýerli tälimçiler, bilermenler we ÝB tarapyndan goldanýan maksatnamalaryň uçurymlary ýolbaşçylyk etdiler.

Festiwal esasy sapaklardan başga-da, ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlar barada öz pikirlerini hödürledi we halypalardan, guramaçylardan we deň-duşlaryndan seslenme aldy. Birnäçe teklip daşky gurşawyň durnuklylygy, bitewilik we jemgyýetiň gatnaşygy ýaly sosial meselelere gönükdirildi. Ýapylyş dabarasynda, has işjeň goşant goşan gatnaşyjylary we umyt bildirýän pikirleri bellemek üçin olara şahadatnama gowşuryldy.

Ýaşlaryň gatnaşygyny höweslendirmek we adam kapitalynyň ösüşini goldamak Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Wekiliýet, gepleşik, bilim almak we alyş-çalyş üçin inklýuziw platformalary döretmek üçin ýerli gyzyklanma bidirýän taraplar bilen ýakyndan işleşmegini dowam etdirýär.