Aşgabatda “ýaşyl” energetika boýunça media bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

“Media başlangyçlary durnukly ösüş bilen bagly meseleler boýunça jemgyýetiň düşünjesini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. ‘Ýaşyl’ energetika babatda professional žurnalistikany goldamak arkaly biz howa we energiýa meseleleri boýunça açyk dialogyň we tejribe alyşmagyň giňelmegine goşant goşýarys”, — diýip GIZ-iň wekili belledi.

Şu gün Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ýaşyl” energetikanyň ösüşine bagyşlanan milli media bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanda “ýaşyl” energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) hem-de energiýa netijeliligi bilen bagly temalarda çap edilen žurnalistik materiallary öz içine aldy. Bu başlangyç Döwlet konserni «Türkmengaz», Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we Nebit-gaz hem-de Ussatnews gazetleriniň redaksiýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň maý aýynda Parahatçylyk we ynanyşmak halkara ýylynyň çäklerinde badalga alyp, jemgyýetiň durnukly energetika çözgütleri baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de ekologiýa, energiýany tygşytlamak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga gönükdirildi.

Birinji orna mynasyp bolan ýeňijilere daşary ýurtlara tanyşdyryş okuw saparyna gatnaşmak üçin sertifikatlar gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlary eýelän bäsleşik gatnaşyjylary ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Sylaglar “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: Syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça çäreler (2024–2029)” atly taslamanyň çäklerinde berildi. Bu taslama Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär we “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” atly sebit maksatnamasynyň çäklerinde GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Döwlet konserni «Türkmengazyň», ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdy.

“Media başlangyçlary durnukly ösüş bilen bagly meseleler boýunça jemgyýetiň düşünjesini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. ‘Ýaşyl’ energetika babatda professional žurnalistikany goldamak arkaly biz howa we energiýa meseleleri boýunça açyk dialogyň we tejribe alyşmagyň giňelmegine goşant goşýarys”, — diýip GIZ-iň wekili belledi.

KHBS üçin habarlaşmak üçin maglumatlar:
sapargul.kebeyeva@giz.de
www.giz.dewww.greencentralasia.org