Aleksandr Sisekin “Batyrlyk hakynda”
Dünýäde tanslaryň dürli görnüşleri bar: milli, bal tansynyň sport görnüşi, sosial, döwrebap.
Bal tansynyň sport görnüşi hemişe tomaşaçylary haýran galdyrýan sporty bolup, onuň muşdaklary kändir. Ol muşdaklaryň hataryna meniň ene-atam hem girýär. Şonuň üçin meni 10 ýaşymda “Grasiýa” tans sport merkezine getirdiler. Haladym, galdym we şol pursatdan başlap tans etmek durmuşymyň bir bölegine öwrüldi.
“Stankin” Moskwa Döwlet tehnologiýa uniwersitetini, Maglumat ölçeg ulgamlary we tehnologiýalary ugry boýunça tamamladym. Okuw döwründe men “SSKA” tans klubynda tans etmegi dowam etdirdim, ýöne eýýäm professional derejede.
Häzirki wagtda men öz ugrym boýunça işleýärin, ýöne hiç haçan öz gowy görýän işimi taşlamadym. Şeýlelikde, öz şahsy mysalym bilen tansyň hem hünär bolup biljekdigini görkezip bilerin. 2017-nji ýylda Aziýa oýunlary geçirildi, netijede tans ýoldaşym ikimiz ýaryşyň bürünç medalyna eýe bolduk. Bize sport ussady diýen ady dakdylar. Şondan soň “ProDance” tans studiýamyzy açdyk.
Tans edýän erkekleriň nähilidikleri barada köp stereotipler bar. Ýöne sport tanslary teoriýasynda erkek tarapa gaty batyrgaý roluň berilýändigini gaty az adam bilýär. Erkek Partnýor tans ýoldaşyna ýolbaşçylyk etmeli, ugrukdyrmaly, tansyň dinamikasyny kesgitlemeli.
Öz gezeginde gyz partnýor öz hereketinde “oňaýly”, ýeňil, rahat we owadan bolmaly. Feministik garaýyşlary bolanlar üçin gyz partnýoryň häsiýetleriniň bu beýany kabul ederliksiz. Ýöne sport tanslarynyň nusgawy nazaryýetinde partnýorlara hut şeýle rollar berilýär.
Indi pikirlenip görüň, tansda gyz we erkek partnýoryň rollary nazaryýetiniň bu ssenariýasynda erkek partnýor näderejede batyrgaý bolmaly?
Tebigaty boýunça aýallar has açyk we duýgur. Olar duýgularyny we emosiýalaryny aýtmakdan gorkmaýarlar. Şonuň üçin aýallaryň näme üçin tans edýändiklerini hiç kim soramaýar.
Erkegiň keşbi köplenç agras, az sözli we özüne erk edip bilýän biri hökmünde suratlandyrylýar. Şeýle aýratynlyklar bilen tanslar hakda gürrüň hem edip bolmaz.
Şeýle-de bolsa, jynsyňyza garamazdan tansyň emosional boşadylmak, azatlyk, özüňi görkezmekdigini hemmelere ýetirmek isleýärin. Onda diňe bir jyns üçin mahsus zat ýokdyr.
Her bir adam öz islegine görä güýmenje tapynmaly. Meniň üçin bu güýmenje sport tansy boldy. Köp oglanlaryň we erkekleriň sport tansyna bolan garaýşyny üýtgetjekdiklerine we özleri üçin sosial stereotiplere garşy gidip bu sporta geljekdiklerine umyt edýärin.