BOMKA 10 maksatnamasy Türkmenistanda kanuny kepillikleri we adam hukuklaryny goramak ugrunda kömek bermegini dowam edýär
2023-nji ýylyň 17-18-nji iýul aralygynda, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy, adam hukuklary, jyns meseleleri we jyns esasly zorlugy ýok etmek boýunça seminar geçirdi. Bu çärede Türkmenistanyň serhet gulluklarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Bu seminaryň maksady, gatnaşyjylary adam hukuklary, jyns meselesi, jynsy zorlugyň alamatlary we jyns duýgurlygy bilen tanyşdyrmak; bu meseleleriň serhet goragçylarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň nukdaýnazaryndan seretmek, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryň işleri we bu işlerde kömek bermekde orny bilen tanyşmak.
Litwanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Döwlet serhet gullugynyň we Litwanyň Gyzyl Haç guramanyň hünärmenleri tarapyndan adam hukuklaryny goramak üçin halkara hukuk binýady barada maglumat hödürlendi. Şeýle hem, ejiz toparlardaky adamlary ýüze çykarmak we migrasiýa kontekstinde jyns esasly zorlugyň alamatlary we olary goramagyň aýratynlyklary, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynyň şeýle ýagdaýlarda kömek bermekde orny barada bilimlerini paýlaşdylar.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar esasy kadalaşdyryjy resminamalar bilen tanyşdylar. Ondan soň, jyns esasly zorlukdan ejir çeken adamlara kömek etmek üçin hukuk gurallaryny öwrendiler we amaly işlerine gatnaşdylar.
BOMKA Maksatnamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.
2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.
BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça maglumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: Tel.+99361 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org