BOMKA 10 Maksatnamasy Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň gözegçilik usullaryny kämilleşdirýär

2024-nji ýylyň 14-nji - 16-njy fewral aralygynda Aşgabat şäherinde, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň, töwekgelçilikleri dolandyrmagyň strategiýalaryny we ýerine ýetirilşini durmuşa geçirmek ugrunda işleýän hünärmenleri üçin töwekgelçilikleri dolandyrmagyň innowasion ýörelgeleri, usullary, we ýaşyl kanallar boýunça okuwy sapagy geçirdi.

Bu okuw çäre, gümrük gullugyna, gümrük töwekgelçilikleri toparlara bölmekde we profilirlemekde ulanýan, innowasion usullary, gurallary we maglumat ulgamyny ulanmak bilen, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny işläp taýýarlamakda we kämilleşdirmekde ýardam berýär. Okuwyň dowamynda, gepleşikleriň esasynda bar bolan ulgamyna baha berip, ýaşyl kannalar we töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň kämilleşdirilmeli ulgamlary kesgitlenildi we teklipler düzüldi.

Ýaşyl kanallaryň ulgamy gümrük edaralaryna, ýolagçylaryň we ýükleriň akymyny gowlandyrmaga we ösýän söwda möçberini netijeli dolandyrmaga, gözegçiligiň netijeligini peseltmezden we degişli gümrük gullukçylaryň sany köpeltmezden, gümrük gözegçiligini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýändigini bellemelidiris.

Bu okuw sapagy, Merkezi Aziýada birnäçe okuw çärelerini dowam edýär we “Serhetlerden kanuny söwda akymlaryny öňe sürmek” atly 3-nji bölüminiň çäginde gurnalýar we sebitleýin ykdysady integrasiýa prosessini goldamaklyga gönükdirilendir.