BOMKA 10 Maksatnamasy Türkmenistanyň fitosanitar gullugyna tehniki kömegini berdi

2023-nji ýylyň 27-nji iýulda, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy, Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň, Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugyna, karantin önümleriniň barlag işlerini ýerine ýetirilende ulanylýan 25 sany fitosanitar toplumyny resmi ýagdaýda gowşurdy.

Her bir barlag toplumynyň içine indikiler girýär: fonar, BL-2-1 äýnek, eksgauster, respirator, plombalar bilen plombalaýjy, skalpel, pinset, halta we awtoulag üçin şup, nusgalyklary almak üçin haltajyklar, probirkalar we beýleki goraýjy serişdeleri. Bu toplumlar serhetdäki gözegçilik geçelgeleriniň arasynda bölünip beriljekdigini belläp we karantin önümleriniň, ulag serişdeleriniň, agaç gaplarynyň we berkidiji önümleriniň barlagynda kömek eder.

Bu toplumlar, BOMKA 10 Maksatnamasy tarapyndan, milli hyzmatdaşlaryň ýörite ýüz tutmasy esasynda satyn alyndy we gelejekde BOMKA Maksatnamasynyň gazanýan netijelerini goldaýan degişli edaralaryň tehniki binýadyny berkider.

Image
Assets were purchased by BOMCA 10 on the basis of an ad hoc request by the national counterparts

Image
BOMCA 10 supports phyto-sanitary service of Turkmenistan

Image
BOMCA 10 supports phyto-sanitary service of Turkmenistan

BOMKA Maksatnamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.