BOMKA 10 Merkezi Aziýa guramalarynyň arasynda serhet jenaýatlaryny derňemek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýär
2023-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 2-nji mart aralygynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan Türkmenistanyň serhet we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin INTERPOL bilen hyzmatdaşlyk boýunça okuw sapagy gurnady. Gatnaşyjylar, INTERPOL arkaly hyzmatdaşlygy we çäreleri durmuşa geçirmek üçin kanuny, prosessual we tehniki çözgütler bilen tanyşdylar.
Litwanyň jenaýat polisiýa býurosynyň Ýewropolyň we INTERPOL-yň milli bölüminiň Halkara gatnaşyklar müdirliginiň bilermenleri, gatnaşyjylar bilen bilelikde, bu ugurda hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýän kanunçylygy we halkara hukuknamalary berkidýän teklipnamalary işläp taýýarladylar. Şeýle hem INTERPOL-yň serhet gözegçiliginde hyzmatlaryň we maglumatlar binýädynyň ulanmagynda mehanizmleri gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar.
Bu okuw sapagy, ýokarda agzalýan ugur çäginde Merkezi Aziýanyň her bir döwletinde dowam edýändigini belläp geçýäris. Bu okuw sapagy BOMKA 10 Maksatnamasynyň 2-nji bölüminiň - “Düzgün bozulmalarynyň üstüni açmaklygynyň potensialy ýokarlandyrmak” çäginde guralan we serhetara jenaýatlary derňeýän we üstüni açýan hukuk goraýjy edaralara goldaw bermäge gönükdirilen.
BOMKA Maksatnamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.
2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.
BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça maglumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: Tel.+99361 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org