BOMKA Maksatnamasy elektron okuwy babatynda innowasion çemeleşme arkaly Merkezi Aziýanyň serhet gulluklarynyň okuw edaralarynyň mümkinçiliklerini giňeldýär

26-njy aprelden 28-nji aprel aralygynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy Merkezi Aziýanyň serhet we gümrük gulluklarynyň, şeýle hem döwlet weterinariýa hem-de ösümlikler boýunça döwlet karantin gulluklarynyň okuw edaralaryna elektron okuw usulyny ornaşdyrmak boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi.  Maslahatyň dowamynda, oňa gatnaşan okuw edaralarynyň wekilleri häzirki zaman sanly okuw gurallaryny we okuw usullaryny netijeli ulanmak üçin zerur endiklerini berkitdiler.

Latwiýanyň Döwlet serhet gullugynyň kollejiniň, Estoniýanyň Howpsuzlyk Ylymlar akademiýasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky serhet howpsuzlyk gullugynyň (Frontex) bilermenleri elektron okuwy boýunça öňdebaryjy tejribesi hem-de Ýewropa çemeleşmeleri bilen paýlaşdylar. Şunda häzirki zaman ýagdaýynda okuw işine syn berildi we garaşylýan netijeler barada habar berildi.   Çäräniň esasy maksady gatnaşyjylary elektron okuwynyň meýilnamasyny işläp taýýarlamak, ýerine ýetirmek we baha bermek ýaly ukyplar we başarnyklar bilen tanyşdyrmakdan ybarat.  Şeýle-de, maslahata gatnaşyjylar elektron okuwy boýunça kadalaşdyryjy namalary taýýarlamagyň we umumy bilim işiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  Bu okuw maslahatynyň dowamynda gazanylan netijeler Merkezi Aziýanyň serhet gulluklarynyň işgärleriniň hünar taýdan taýýarlygy we hünär kämilleşdirilişi çygrynda mümkinçiliklerini mundan beýläk hem berkitmäge ýardam eder.

BOMKA Maksatnamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standarlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.