BOMKA Maksatnamasy Türkmenistanyň döwlet edaralaryň wekilleriniň düzgünleşdirilmedik statusly migrantlary ýüze çykarmak, saklamak we yzyna dolandyrmak baradaky bilimlerini artdyrýar

Şu ýylyň 13-15-nji aprelinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar gullugy düzgünleşdirilmedik statusly migrantlary ýüze çykarmak, saklamak we yzyna dolandyrmak babatynda halkara standartlary boýunça milli onlaýn seminar geçirdiler. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri gatnaşdy. Bu Merkezi Aziýada BOMKA Maksatnamasy tarapyndan geçirilen seminar şu ýyl Gyrgyzystanda we Özbegistanda geçirilen çärelere kybapdaş üçünji seminardyr.

Maslahatyň maksady migrasiýany dogry dolandyrmak üçin halkara hukuk kadalary we gurallary barada habardarlygy ýokarlandyrmak, düzgünleşdirilmedik statusly migrantlary ýüze çykarmak we olaryň netijeli gaýdyp gelmegi babatynda kanuny çemeleşmeleri ösdürmek, şeýle hem bar bolan hukuk binýadyny we gaýdyp gelmegi üçin kanunçylyk mehanizmlerini kämilleşdirmekdir. Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň, Litwa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň we BMG Bosgunlar gullugynyň wekilleri bilermenler höküminde çagyryldy. Maslahatyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň migrantlary kesgitlemegiň usullary we saklamak, ýerleşdirmek, saklanylan migrantlaryň hukuklaryny üpjün etmek we yzyna gaýtarmak düzgünleri, şol sanda readmissiýa şertnamalarynyň ulanylmagy boýunça tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Maslahatda oňa gatnaşyjylar bilermenler bilen kanunçylyk kadalarynyň halkara kadalaryna laýyklygyny deňeşdirip seljerdiler we netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda migrantlar bilen işlemek üçin jogapkär gulluklaryň, şeýle hem halkara we jemgyýetçilik guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Migrantlar üçin saklanyş merkezlerde (ýöriteleşdirilen merkezlerde) ulanylýan standartlar we migrantlaryň merkezde saklanýan döwründe olara bolan gatnaşyk üçin üpjün edilmeli kepillikler öwrenildi.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standarlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.

BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça magulumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: + 993 61 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org