Türkmenistanda Ýewropa ruhyny dabaralandyrmak: Aşgabatda 2026-njy ýylyň Ýewropa güni mynasybetli dabaraly agşamy geçirildi

Aşgabatda geçirilen Ýewropa güni mynasybetli dabaraly agşamy ýene-de bir gezek Ýewropa Bileleşigini we onuň hyzmatdaşlaryny birleşdirýän gymmatlyklary – parahatçylygy, agzybirligi, hyzmatdaşlygy we özara hormaty baýram etmek üçin meýdança öwrüldi. Şeýle hem ol Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky parahatçylyk we abadançylyk ýaly umumy maksatlara esaslanýan berk we yzygiderli ösýän hyzmatdaşlygy ýene bir gezek tassyklady.  

Şu ýyl Ýewropa gününiň her ýylky baýramçylygyny geçirmek üçin “Gala” medeni-dynç alyş merkezi ýörite saýlanyldy. Köpetdag daglary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkligini we uzak möhletli durkuny alamatlandyrýar. Myhmanlaryň Köpetdagyň tämiz dag howasyndan lezzet almaga, ajaýyp panoramik görnüşleri synlamaga, janly aýdym-saz çykyşlaryny diňlemäge hem-de ýewropeý we türkmen dürli tagamlaryny dadyp görmäge ajaýyp mümkinçiligi boldy. Bularyň ählisi bilelikde agşamyň myhmansöýer, ýyly we baýramçylyk ruhundaky atmosferasyny döretdi.

Baýramçylygyň aýratyn we iň täsirli pursaty Ýewropa Bileleşiginiň baýdagynyň Köpetdag daglarynda görkezilmegi boldy. Bu pursat Ýewropa gimniniň ýerine ýetirilmegi we baýramçylyk feýerwerki bilen utgaşdy. Myhmanlar birlik, dostluk we umumy gymmatlyklary alamatlandyrýan bu aýratyn pursaty bilelikde geçirdiler.

Projection of the European Union flag onto the Kopetdag mountains

15-nji maýda geçirilen dabaraly agşamy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Alyhezret hanym Beata Pęksa alyp bardy. Türkmenistan tarapyndan wekiliýete Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ÝB agza ýurtlarynyň wekilleri, diplomatik korpus, halkara guramalary, hususy pudak, raýat jemgyýeti, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, blogerler, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň wekilleri hem-de meýletinçiler gatnaşdylar. 

Dabaraly agşamyň üstünlikli geçirilmegi Business Nokady, Aman Mekhinli Studio we Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçihanasynyň goldawy bilen mümkin boldy.

Ilçi Pęksa öz gutlag çykyşynda belleýşi ýaly: “Şu gün Aşgabatda durup, biziň geografiki taýdan dürli ýerlerde ýerleşýändigimize garamazdan, Ýewropanyň ruhunyň, ýagny “köpdürlülikdäki jebislik” pikiriniň biziň iň uly güýjümizdigini ýene-de bir gezek duýýaryn. Geliň, bu jebislige, raýdaşlyga we dialogyň güýjüne bolan ynamymyzy täzeden tassyklalyň. Geliň, diňe bir eýýäm gazanan üstünliklerimizi däl, eýsem geljek ýyllarda bilelikde gazanyp biljek zatlarymyzy hem belläliň. Ýewropa güni gutly bolsun – her gün Ýewropa güni ýaly bolsun!”.