Dünýä gurşawyny goramak güni: ÝB we Türkmenistan has ýaşyl gelejek üçin tagallalary birleşdirýärler

5-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa Aşgabatda Dünýä gurşawyny goramak güni mynasybetli geçirilen “Ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

Ilçi Peksa öz çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň şu güne çenli daşky gurşawy goramak ugrunda gazanan üstünliklerini, şeýle hem ÝB-niň çäginde we bütin dünýäde hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde durmuşa geçirilmeli geljekki meýilnamalary barada gysgaça durup geçdi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň ekologiýa syýasatynyň uzak möhletleýin strategik garaýşa esaslanýandygyny, munuň bolsa Ýewropa Ýaşyl Ylalaşygyny, şol sanda ÝB-niň 2030-njy ýyla çenli Bioköpdürlilik boýunça Strategiýasyny, klimat bitaraplygyna geçmegi, serişdeleri netijeli ulanmagy we ekoulgamlary goramagy öz içine alýandygyny nygtady.

Ol ÝB-niň “Global Gateway” strategiýasynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa, durnukly ulag, sanly baglanyşyk we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlara maýa goýumlary goýmak arkaly durnukly, ýaşyl we çydamly ösüşi goldaýandygyny aýratyn belledi.

“Merkezi Aziýada ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy sütünleriniň birine öwrüldi” diýip, Ilçi Peksa belledi. Ýewropa Bileleşigi we onuň agza döwletleri suw, energiýa we howanyň üýtgemegi baradaky başlangyjy arkaly sebitara gepleşikleri, howanyň durnuklylygyny, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegini, suw serişdelerini durnukly dolandyrmagy we parnik gazlarynyň, şol sanda metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky tagallalary “Team Europe”  başlangyjy üsti bilen goldaýarlar.

Şeýle hem Ilçi Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen daşky gurşawy goramak babatdaky hyzmatdaşlygy barada aýdyp geçdi. Bu işler diňe bir “Team Europe” başlangyjy arkaly däl-de, eýsem ikitaraplaýyn programmalar, şol sanda “Türkmenistanyň Ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi” maksatnamasy arkaly hem amala aşyrylýar. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň halkara howa proseslerine işjeň gatnaşmagyna, şol sanda Pariž ylalaşygyna goşulmagyna ýokary baha berýändigini we ýurduň daşky gurşaw hem-de klimat meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen barha artýan gatnaşyklaryny goldaýandygyny belledi.

Ilçi Türkmenistanda daşky gurşawy goramak işine işjeň gatnaşýan raýat jemgyýeti guramalarynyň gymmatly goşandyny aýratyn belläp, olaryň bütin ýurt boýunça ekologiýa düşunjeliligini ýokarlandurmakda, durnukly tejribeleri öňe sürmekde we ekologiýa başlangyçlaryny goldamakda möhüm ról oýnaýandygyny ykrar etdi. Bu guramalar geljekki nesiller üçin has sagdyn we durnukly gurşawy döretmekde uly goşant goşýarlar.

Ilçi Peksa çykyşynyň soňunda maslahata gatnaşyjylara, aýratyn-da ýaş nesle ýüzlenip, daşky gurşawy goramagyň her birimizden başlanýandygyny nygtady. Ol ekologiýa jogapkärçiliginiň diňe bir Dünýä gurşawyny goramak güni ýaly günler bilen çäklenmeli däldigini, munuň biziň gündelik hereketlerimizde we endiklerimizde öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Öýde elektrik energiýasyny we suwy tygşytlamak, galyndylary azaltmak we olary gaýtadan işlemek ýaly ýönekeý ädimleri ätmek bilen, her birimiz bu işe manyly goşant goşup bileris. Şeýle hem Ilçi haýwanlara, aýratyn-da öýsiz haýwanlara, rehim-şepagatly çemeleşmegiň möhümdigini belläp geçdi. Şeýle-de ol jogapkärçilikli idegiň, sterilizasiýanyň we öýsiz haýwanlara eýe çykmagyň has mähirli hem-de durnukly jemgyýetleri ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady.