Geňeş ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini belleýär we Pars aýlag sebiti üçin ÝBÝW-niň mandatyny uzaldýar

Şu gün Geňeş jenap Eduards Stipraýs Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili (ÝBÝW) wezipesine belledi. Ol 2 ýyllyk başlangyç mandaty bilen öz wezipe borçlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan ýerine ýetirip başlar we bu wezipede Terhi Hakalanyň ornuny tutar. 

Umumy gymmatlyklaryň esasynda ÝB bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek, sebitiň ýurtlarynyň arasynda durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek, şeýle hem demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň degişli dolandyrylyşyny we sylagyny pugtalandyrmak täze ÝBÝW-niň wezipesi bolar. 

Ýokary wekil bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy we Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalar we degişli hyzmatdaşlar bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk arkaly, ol şeýle hem ÝB-niň ýerine ýetirýän işleriniň netijeliligini we görnükliligini ýokarlandyrar

Jenap Stipraýs – baý tejribesi bolan latwiýaly diplomat. Ol ÝB-niň ýanyndaky Latwiýanyň Hemişelik wekili we döwlet sekretarynyň - Latwiýanyň Daşary işler ministrliginiň syýasy müdiriniň orunbasary wezipelerinde işledi. 2016-2020-nji ýyllar aralygynda ol Özbegistan Respublikasynda ÝB-niň wekiliýetiniň başlygy, şeýle hem Birleşen Patyşalykda we Fransiýada Latwiýanyň ilçisi bolup işledi. 

Şu gün Geňeş şeýle hem jenap Luiji Di Maýonyň Pars aýlagy sebiti boýunça ÝBÝW mandatynygoşmaça 2 ýyla uzaltdy

Pars aýlagy döwletleri bilen Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki habarnama laýyklykda, ol, Pars aýlagynda aýratyn hyzmatdaşlar we degişli sebitleýin guramalar bilen gepleşigi we uzak möhletleýin sebitleýin gatnaşyklara çekmek we saklamak arkaly sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna ýardam berip, ÝB bilen Pars aýlagy sebitiniň ýurtlarynyň arasynda has berk, hemmetaraplaýyn we strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam eder.

ÝB-niň ýörite wekilleri belli bir sebitlerde we ýurtlarda, şeýle hem ÝB üçin has möhüm ýa-da gyzyklanma bildirilýän meselelerde ÝB-niň syýasatyny we bähbitlerini, öňe sürýärler. Olar özgertmeleri, durnuklylygy we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek ugrundaky tagallalarda işjeň rol oýnaýarlar. ÝB-niň ilkinji ýörite wekilleri 1996-njy ýylda bellenilipdi. Häzirki wagtda on bir sany ÝBÝW Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça Bileleşigiň ýokary wekili Kaýa Kallasyň işini goldaýarlar.