«Mekdebe gaýdyp barmak» 2026: Ýewropa Bileleşiginiň Türkmeistandaky wekiliýeti maýyplygy bar bolan çagalara we mätäçlik çekýän maşgalalara goldaw bermegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýeti «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň maýyplygy bar bolan adamlara goldaw bermek boýunça merkeziniň goldawy bilen ýyllyk «Back to School» (Mekdebe gaýdyp barmak) kampaniýasyny gurnady. Başlangyjyň çäklerinde maýyplygy bolan bolan çagalara hem-de mätäçlik çekýän maşgalalardan bolan çagalara jemi 25 sany okuw bukjalary gowşuryldy. Bu olaryň täze okuw ýylyna ynamly taýýarlanmagyna ýardam berer.

Bäş ýylyň dowamynda yzygider geçirilýän bu kampaniýa gymmatly däbe öwrüldi, bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň inklýuziw bilimi ösdürmek we her bir çaganyň öwrenmek, ösmek we öz potensialyny doly açyp görkezmek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça yzygiderli ygrarlylygyny görkezýär. Bu başlangyç zerur mekdep enjamlaryny bermek arkaly çagalara täze okuw ýylyna oňyn başlangyç bermäge we olary bilim almaklyga höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Hanym  Beata Pęksa we Wekiliýetiň işgärleri çagalara okuw esbaplaryny gowşurdylar. 

Ilçi Beata Peksa çagalara ýüzlenip, şeýle diýdi: "Elmydama täze zatlary öwrenmäge höwesli boluň, köp sorag beriň we hiç haçan öwrenmegi bes etmäň. Täze sumkalaryňyz we mekdep enjamlaryňyz diňe kitap götermek üçin däl - olar täze zatlary öwrenmek, döretmek we ösmek üçin siziň kömekçiňizdir!"

“Rishat Events” kompaniýasynyň animatorlarynyň gatnaşmagy bilen baýramçylyk has-da gyzykly boldy, olar çäräni interaktiw oýunlar, aýdym-sazlar we tanslar bilen doldurdylar, çagalaryň ýüzlerine ýylgyryş çaýdylar we baýramçylyk ruhuny has-da has-da baýlaşdyrdylar.