Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralaryň strategiki töwekgelçilikleri derňemek ugrundaky mümkinçiliklerini güýçlendirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi

16-nji noýabrdan 18-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) Aşgabatda serhet dolandyryş boýunça işleýän hukuk goraýjy edaralaryň we Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri üçin strategiki töwekgelçilik derňewi boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyň gatnaşyjylary Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) ulanylýan umumy toplumlaýyn töwekgelçilik derňew modeliniň (CIRAM) ýörelgeleri we usulyýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin yzygiderli çemeleşme barada maglumat berdi.

Okuw maslahatyň dowamynda döwlet serhedini dolandyrmak bilen baglanyşykly ähli bölümlerde strategiki töwekgelçilik derňewi pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Çäräniň dowamynda, Türkmenistanyň we ÝB-iň öňdebaryjy tejribesiniň deňeşdirme seljermesi geçirildi we strategiki töwekgelçilik derňewiniň bilelikdäki ulgamyny ornaşdyrmak üçin teklipler işlenip düzüldi. Mundan başga-da, okuw maslahatyň maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin yzygiderli çemeleşmegi üpjün etmek barada maglumat berdi.

Strategiki töwekgelçilik derňewiniň strategiki we syýasy derejede karar berýänler üçin esasy elementdigini bellemek gerek. Şeýlelik bilen, bilelikdäki maslahat berilýän çäreler, serhedi toplumlaýyn dolandyrmagyň ýörelgelerine laýyklykda netijeli serhet dolandyryşyny üpjün etmek üçin türkmen edaralaryň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmeli. ÝB-ne agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy we bilelikdäki strategiki töwekgelçilik derňewini geçirmekde baý tejribesiniň bardygyny bellemek möhümdir.

Bu maksatnamanyň çäginde şuňa meňzeş okuw çäreler Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirilendi. Şeýlelikde, bu çäre Merkezi Aziýada bu mowzuk boýunça jemlenildi.

 BOMKA Maksatnamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.

BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça maglumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: Tel.+99361 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org