Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýeti Russiýanyň Ukraina garşy agresiýasynyň dört ýyllygyny belläp geçdi
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda, Russiýanyň Ukraina garşy edýän agresiýasynyň dördünji ýyllygy mynasybetli, Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň Wekilýeti Aşgabatdaky wekiliýet binasynda “Ukraina – Parahatçylygyň Ýollary we Adamperwer Goldaw” atly maslahat geçirdi. Maslahata Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri, ABŞ-nyň, Birleşen Patyşalygyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we elbetde Ukrainanyň diplomatlary gatnaşdy.
Çäräni Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Beata Peksa açdy we diplomatik jemgyýetiň wekillerini Ukraina halkyna dört ýyl mundan ozal başlan uruş döwründe berilýän adamperwer kömek we halkara tagallalary barada pikir alyşmak üçin jemledi.
Açylyş sözlerinde Ilçi Beata Peksa: “Russiýanyň Ukrainanyň garşy edýän adalatsyz we kanunsyz agressiýasy aýratyn tragiki netijeleri ýüze çykardy, esasan hem Ukrainanyň halkynyň arasynda (…). Biz ähli pidalaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna durýarys (..). Bu ýyl biz aýratyn möhüm bir zady ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýarys: kömek elini we ýüregini açýan adamlar barada. Bu biziň adamperwerligimizi görkezýär, sebitlerimizi we ýurtlarymyzy birleşdirýär we umydy döredýär..” diýip belläp geçdi.
Programmanyň çäginde myhmanlaryň çykyşlary we teklipleri bilen tanyşlyk geçirilip, soňra “Iň erbet ýyllyk” atly sergiden saýlanyp görkezilen eserler görkezildi. Bu sergi urşy Ukrainaly sungatçylarynyň gözünden görkezýär.
Medeni soraglar üçin habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi Wekiliýeti
Salgy: Jelaletdin Rumi (Andijon, 2054) köç., 46 jaý, 744000 Aşgabat, Türkmenistan
Tel.: +993 12 362 203
E-mail: Aygul.BASHIMOVA@eeas.europa.eu
Web sahypa: https://eeas.europa.eu/delegations/turkmenistan_en