Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mugallymlary Latwiýada "deň-derejede" tejribäni tamamladylar

8-nji noýabrdan 10-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň okuw merkeziniň akademiki işgärleriniň wekilleri üçin Latwiýada gysga möhletli tejribe gurady.

Bu tejribe Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň akademiki we mugallym işgärleriniň hünärlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu çäräniň çäginde gatnaşyjylar Riga Tehniki Uniwersitetiniň Halkara ykdysady gatnaşyklar we gümrük institutyna we Latwiýanyň döwlet girdeji gullugynyň milli gümrük gullugyna baryp gördüler. Gatnaşanlar Riga Tehniki Uniwersitetiniň "Gümrük we salgyt dolandyryşy" maksatnamasynyň okuw usullary we Latwiýanyň Döwlet girdeji gullugynyň işgärleri üçin hünär ösüş ulgamy bilen tanyşdylar.

Şeýle hem, diňleýjileriň hünärlerine laýyk gelýän gümrük ugurlaryny ösdürmegiň tejribesini öwrendiler.

Çäräniň netijesinde Latwiýanyň hünärmenleri we oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärlerini taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarladylar we Riga Tehniki Uniwersitetiniň fakulteti bilen käbir ugurlarda gözleg geçirmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada, şeýle hem akademiki işgärler bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly diňleýjileriň hünärine laýyk gelýän gümrük iş boýunça ylalaşdylar.

Şuňa meňzeş gysga möhletli tejribe ozal Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gullugynyň akademiki işgärleri üçin geçirildi. Şeýlelikde, bu çäre 2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary üçin Latwiýada tejribe tapgyryny tamamlaýar.



BOMKA Maksatnamasy barada



Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.



2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.



BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça maglumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: Tel.+99361 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org