Türkmenistanyň serhet we hukuk goraýjy edaralarynyň töwekgelçilik derňewi ÝB-niň tejribesiniň goldawy bilen güýçlendirildi

19.12.2022
Aşgabat ş., 2022-nji ýylyň 16-nji dekabry
ÝB-niň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň metbugat we maglumat bölümi

14-nji dekabrdan 16-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) Aşgabatda serhet dolandyryşyna gatnaşýan Türkmenistanyň serhet, gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin milli töwekgelçilik derňewi boýunça okuw  sapagy geçirildi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara esasy ýörelgeler, amaly tejribeler we düzgünler, şeýle hem Ýewropanyň tejribesine esaslanýan serhet howpsuzlygy töwekgelçiligini bilelikde seljermegiň proseduralary we milli ulgam, umumy hukuk binýady we ösüşi üçin zerur tassyklanan işler bilen tanyşdyryldy we töwekgelçilik derňew ulgamlary üpjün edildi.

Maslahatyň dowamynda Latwiýa Respublikasynyň Döwlet Serhet Kollejiniň we Riga Tehniki Uniwersitetiniň hünärmenleri serhet howpsuzlygy meseleleri boýunça töwekgelçilikleri seljermek boýunça milli hukuk binýadyny gözden geçirdiler we döwlet edaralarynda yzygiderli we bitewi çemeleşmäni durmuşa geçirmek üçin strategiki, amaly we taktiki derejelerde teklipleri taýýarladylar.

Milli aýratynlyklary göz öňünde tutup, institusional kadalaşdyryjy-hukuk binýadynda töwekgelçilikleri seljermek ulgamyny ornaşdyrmak üçin teklipler / ýol kartasy işlenip düzüldi.

Bu çäre, BOMCA 10 maksatnamasynyň 1-nji bölüminiň çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlarynda serhet gözegçilik edaralarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän milli, sebitleýin we global derejede howpsuzlyk üpjün etmekde öňdebaryjy tejribä laýyk gelmek üçin institusional mümkinçiliklerini ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýär.

Şuňa meňzeş okuw çäreler Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirildi. Şeýlelikde, bu agzalyp geçilen mowzuk boýunça çäreler Merkezi Aziýada jemlenildi.

 BOMKA Maksatnamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.

BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça maglumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: Tel.+99361 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org