TDEI-de durnukly energetika ulgamy boýunça 72 sagatlyk sertifikatlaşdyrylan hünär ýokarlandyryş maksatnamasy tamamlandy

«Bu sertifikatlaşdyrylan kursuň geçirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. Biz türkmen hünärmenlerine arassa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmaga we ýurduň "ýaşyl" ykdysadyýetini milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik berjek anyk bilim binýadyny kemala getirdik» — diýip, Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň Inženerçilik ylymlary we maglumat tehnologiýalary boýunça doktorlyk merkeziniň (IWIT) direktory, Prof.dr. Eduard Simens belledi.   

Mary, 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwary — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) «Durnukly energetika ulgamlary: gaýtadan dikeldilýäntehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly 72 sagatlyk ýöriteleşdirilen intensiw okuw kursunyň ikinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Bu çäre 2025-nji ýylyň 2-5-nji sentýabry aralygynda guralan bilimmaksatnamasynyň birinji bölüminiň dowamydyr.   Bukursuň geçirilmegi «ýaşyl» geçiş babatda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädimdir. ÝB ýurduň ykdysadyýetini dekarbonizasiýa etmek weekologik taýdanarassa tehnologiýalaryornaşdyrmak baradaky tagallalaryny işjeň goldaýar, tejribe alyşmaga hem-de sebitiň durnukly geljegi üçin öňdebaryjy ýewropa innowasiýalaryny geçirmäge ýardam berýär.   

72 sagatlyk sertifikatlaşdyrylan kursuň esasy maksady — gaýtadan dikeldilýänenergiýa çeşmeleri (GDEÇ) ulgamynda türkmen hünärmenleriniň we ylmy-mugallymlar düzüminiň hünärderejesini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnama aşakdaky wezipeleri çözmäge gönükdirildi:

  • Gatnaşyjylary «ýaşyl» energetika ulgamlaryny netijeli ornaşdyrmak üçin amaly bilimler we seljeriş gurallary bilen üpjün etmek.
  • Türkmenistanyň energetika balansyny diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen tehnologik taslamalary bahalandyrmagyň we durmuşa geçirmegiň usullaryny öwretmek.
  • Durnukly energetika düzümini ösdürmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak üçin nazary esaslary we amaly tejribäni utgaşdyrmak.

Okuwyň netijeleri boýunça diňleýjilere — TDEI-niň professor-mugallymlaryna, «GDEÇ» ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenlerine resmi sertifikatlar gowşuryldy.   Çäre ÝB we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän “Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuwlary Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň (Germaniýa) öňdebaryjy bilermenleri geçirdiler.   

Ýolbaşçylaryň çykyşlaryndan: «Bu sertifikatlaşdyrylan kursuň geçirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. Biz türkmen hünärmenlerine arassa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmaga we ýurduň "ýaşyl" ykdysadyýetini milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik berjek anyk bilim binýadyny kemala getirdik» — diýip, Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň Inženerçilik ylymlary we maglumat tehnologiýalary boýunça doktorlyk merkeziniň (IWIT) direktory, Prof.dr. Eduard Simens belledi.   

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarlaşmak üçin:   

sapargul.kebeyeva@giz.de 

www.giz.de

www.greencentralasia.org