Daşkentde Merkezi Aziýanyň zenan media hünärmenleriniň II halkara maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabry, Daşkent şäheri. Şu gün Daşkent şäherinde «Sebitleýin raýdaşlyk, sanly howpsuzlyk we žurnalistikanyň inklýuziw geljegi» atly Merkezi Aziýanyň zenan media hünärmenleriniň II halkara maslahaty öz işine başlady.
14-15-nji sentýabrda geçirilen iki günlük maslahat Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100-den gowrak zenan žurnalistleri, redaktorlary, media menejerlerini, sanly kontent döredijilerini, blogerleri, halkara bilermenleri hem-de adam hukuklaryny goraýjylary bir ýere jemledi.
Maslahatyň kabul ediji guramasy hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Häzirki zaman žurnalistikasyny ösdürmek merkezi (MJDC) çykyş etdi. Milli hyzmatdaşlar bolsa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin kontent döredijilik merkezini we Milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek we goldamak boýunça jemgyýetçilik gaznasyny öz içine aldy.
Çärä Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky, Gazagystandaky we Täjigistandaky wekiliýetleri, ÝHHG-nyň Özbegistandaky Taslama utgaşdyryjysy, ÝHHG-nyň Duşenbedäki we Bişkekdäki maksatnama ofisleri, ÝUNESKO-nyň Özbegistandaky we Gazagystandaky wekilhanalary, Şweýsariýanyň Özbegistandaky ilçihanasy we Gyrgyzystanyň Döredijilik industriýalary seýilgähi tarapyndan halkara maliýe we guramaçylyk goldawy berildi. Bu guramalaryň çärä gatnaşmagy sanly howpsuzlyk, gender deňligi we media pudagynda işleýän zenanlara hünär goldawyny bermek meseleleriniň halkara jemgyýetçiligi üçin ähmiýetini nygtady.
Maslahatyň esasy sebit hyzmatdaşy Täjigistanyň Zenan žurnalistleriniň milli koalisiýasy boldy.
Maslahatyň gün tertibiniň merkezinde Merkezi Aziýada zenanlaryň media pudagyndaky işine barha köp täsir edýän meseleler durýar. Olaryň hatarynda sanly zorluk we internetdäki yzarlamalar, dipfeýk we emeli aň tehnologiýalaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagyň beýleki görnüşleri, nädogry maglumatlaryň ýaýradylmagy, hünär taýdan ýadawlyk, zenanlaryň media dolandyryşyndaky päsgelçilikleri we sebit ýurtlarynyň arasynda durnukly hünär goldawy mehanizmlerini döretmegiň zerurlygy bar.
Özbegistan Respublikasynyň Häzirki zaman žurnalistikasyny ösdürmek merkeziniň direktory Saida Sulaýmanowa şeýle belledi: «Iki ýyl ozal biz, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň zenan žurnalistlerini birleşdirmegiň zerurdygy barada gürrüň edýärdik. Şu gün bolsa indiki ädimi ädip, sebit hyzmatdaşlygyny işjeň hünär gatnaşyklarynyň we özara goldawyň işleýän ulgamyna öwürmek möhümdir. Ýurtlaryna garamazdan, media pudagynda işleýän zenanlar sanly yzarlamalardan we hünär basyşlaryndan başlap, emeli aňyň getirýän çalt özgerişlerine çenli örän meňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu synaglar bilelikde işläp has netijeli jogap berip bileris.»
Maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri emeli aňyň žurnalistika ýetirýän täsiri boldy. Bilermenler we gatnaşyjylar redaksiýa işinde emeli aňdan peýdalanmagyň etiki ýörelgelerini, maglumatlary seljermekde we žurnalistik derňewlerde onuň mümkinçiliklerini, şeýle hem sintetiki kontentyň, dipfeýkleriň we maglumatlary hyýanatçylykly dolandyrmagyň täze görnüşleriniň ýaýramagy bilen bagly töwekgelçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maksatnamanyň uly bölegi sanly howpsuzlyga we hünär durnuklylygyna bagyşlanyldy. Amaly sessiýalarda gatnaşyjylar hasaplary we maglumatlary goramak gurallary bilen işlediler, internet hüjümleriniň dürli ssenariýlerini seljerdiler we gyssagly hünär goldawynyň mümkin bolan mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky ilçisi Toiwo Klaar şeýle belledi: «Zenan žurnalistler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wakalary hakykatda bolşy ýaly beýan etmegini üpjün etmekde örän möhüm orun eýeleýärler. “Aýna potolokdan” geçýän zenanlardan köplenç çylşyrymly ýa-da durnuksyz şertlerde üstünlik gazanmak garaşylýar. Hakyky deňlik yzygiderli halypalyk goldawyny, guramaçylyk goldawy we uzak möhletleýin maýa goýumlaryny talap edýändigi sebäpli, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şol sanda gender taýdan duýgur žurnalistika we žurnalistleriň howpsuzlygy boýunça okuwlar, şeýle hem žurnalistler üçin grantlar we stipendiýalar arkaly goldamagyny dowam etdirýär.»
2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Duşenbede gol çekilen Merkezi Aziýanyň Zenan žurnalistleri koalisiýasyny döretmek baradaky Memorandum sebit hyzmatdaşlygynyň guramaçylyk binýadyny üpjün etdi. Daşkentdäki maslahat şol döwürde başlanan işi dowam etdirýär we hyzmatdaşlyk baradaky beýannamadan hemişelik işleýän hünär gatnaşyklaryna we bilelikdäki başlangyçlara geçmekde indiki ädim bolmalydyr.
Iki günlik maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Koalisiýanyň 2026–2029-njy ýyllar üçin iş ugurlaryny, hünär taýdan özara kömek mehanizmlerini döretmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilelikdäki bilim, žurnalistika we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň ýene bir ugry gender taýdan duýgur žurnalistika boýunça bitewi sebit gollanmasyny işläp taýýarlamak boldy. Bu resminamanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň redaksiýalary üçin gender meselelerini hünär taýdan has ýokary, jogapkärçilikli we deňagramly beýan etmek boýunça amaly ugur görkezmegi göz öňünde tutulýar.
Maksatnamanyň aýratyn bölegi sanly sungat bilen dokumental teatryň utgaşmasynda döredilen «Echo: The Power of Invisible Voices» atly audiowizual çykyşa bagyşlandy.
Dörediji «sanly galmagalyň» wizual we ses keşbiniň üsti bilen häzirki wagtda zenan žurnalistleriň işleýän gurşawyny, ýagny ýigrenji sözleri, botlaryň hüjümlerini, sosial ulgamlardaky yzarlamalary, maglumat basyşyny we dipfeýkleri görkezýärler.
Maslahatyň maksatnamasynda şeýle hem media dolandyryşynda zenanlaryň orny, hünär taýdan ýadawlyk we durnuklylyk, serhetüsti žurnalistika we klimat başlangyçlary, şeýle hem zenan media hünärmenleriniň sebit toruny mundan beýläk ösdürmek baradaky pikir alyşmalar göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem, maslahatda Merkezi Aziýada zenanlaryň hünär üstünliklerini, liderligini we media pudagynyň ösüşine goşan goşandyny ykrar edýän sebitleýin baýrak bolan Woman Media Awards Central Asia geçirildi.
Audiowizual çykyş we baýraklary gowşurmak dabarasy Artel Electronics kompaniýasy tarapyndan goldanyldy.
Maglumat üçin:
Kabul ediji gurama: Özbegistan Respublikasynyň Häzirki zaman žurnalistikasyny ösdürmek merkezi (MJDC).
Milli hyzmatdaşlar:
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin kontent doredijilik merkezi; Milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek we goldamak boýunça jemgyýetçilik gaznasy.
Halkara guramaçylyk we maliýe goldawyny berýän hyzmatdaşlar:
Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky, Gazagystandaky we Täjigistandaky wekiliýetleri; ÝHHG-nyň Özbegistandaky Taslama utgaşdyryjysy; ÝHHG-nyň Duşenbedäki we Bişkekdäki maksatnama ofisleri; ÝUNESKO-nyň Özbegistandaky we Gazagystandaky wekilhanalary; Şweýsariýanyň Özbegistandaky ilçihanasy; Gyrgyzystanyň Döredijilik industriýalary seýilgähi.
Esasy sebit hyzmatdaşy:
Gulnora Amirşoýewanyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistanyň Zenan žurnalistleriniň milli koalisiýasy.
Işewür hyzmatdaş: Artel Electronics.
Guramaçylyk binýat: 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Duşenbede gol çekilen Merkezi Aziýanyň Zenan žurnalistleri koalisiýasyny döretmek baradaky Memorandum.