Global Gateway Forumy: Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýanyň energiýa öwrülişini öňe sürmek üçin gidroenergetika pudagyna maýa goýumlaryny giňeldýär
Merkezi Aziýada energiýa we suw howpsuzlygyny güýçlendirmek ugrunda möhüm ädim hökmünde, Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlary bilen bilelikde sebitiň gidroenergetika infrastrukturasyna täze maýa goýumlaryny yglan etdi. Aýratyn üstünlik “Kambarata-1” gidroelektrostansiýasynyň mega-proýekti boýunça gazanyldy. Bu çäkde Ýewropa Bileleşigi (ÝB), Ýewropa Maýa Goýum Banky (ÝMB) hem-de Gyrgyzstan, Gazagystan we Özbegistan bilen jemi 900 million ýewro möçberindäki Düşünişmek Memorandumlary baglaşyldy. Şeýle hem ÝB tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilen we Bütindünýä Banky tarapyndan durmuşa geçirilen tehniki-ykdysady esasnama hödürlenildi.
Ýewropa Gaýtadan Dikeltmek we Ösüş Banky (YGÖB) hem Gyrgyzstan, Gazagystan we Özbegistan bilen Düşünişmek Memorandumlaryna gol çekdi we bu taslamany goldamak üçin 1,3 milliard ýewro möçberinde umumy maliýeleşdiriş paketini gözden geçirýär.
Täze maýa goýumlar elektrik energiýasyna elýeterligi gowulandyrar we ýerli ilat üçin ykdysady mümkinçilikleri açar. Bu yglanlar 9–10-njy oktýabrda Brýusselde geçirilen Global Gateway Forumynyň dowamynda edildi.
Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Jozef Síkela täze başlangyçlary mähir bilen garşylady:
“Merkezi Aziýa saparymda men suwuň tutuş sebitiň durnuklylygy üçin nähili möhüm ornunyň bardygyny anyk gördüm. Akylly gidroenergetika boýunça maýa goýumlary ynamly we elýeterli elektrik energiýasyna elýeterligi ýokarlandyryp biler, ýerli ilat üçin girdeji döreder, durnukly oba hojalygyny goldar hem-de adamlaryň saglygyny we daşky gurşawy gorar. Biz Merkezi Aziýanyň energiýa önümçiliginde möhüm orun eýeleýän ‘Kambarata-1’ gidroelektrostansiýasynyň gurluşygyny goldaýandygymyz üçin buýsanýarys. Täze maýa goýumlarymyz Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkidýär.”
“Ýewropa Komissiýasynyň kepillikleri arkaly ÝMB — ‘klimat banky’ hökmünde — Merkezi Aziýada sebitleýin energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirýän infrastruktura taslamalaryny goldaýar.
Biz “Kambarata-1” gidroelektrostansiýasynyň mümkinçiliklerini sebitiň täzelenip bolýan elektrik söwdasyny giňeltmekde, ykdysady ösüşi höweslendirmekde we energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda möhüm gural hökmünde görýäris,”
— diýip, Merkezi Aziýada Bankyň işlerine gözegçilik edýän Ýewropa Maýa Goýum Bankynyň Wise-prezidenti Kiriakos Kakuris belledi. Bu hyzmatdaşlyklar adamlaryň we planetanyň bähbidi üçin özara hormat esasynda gurlan Merkezi Aziýa bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan Ýewropa Bileleşiginiň ygrarlylygyny tassyklaýar.
“Kambarata-1 gidroelektrostansiýasy Merkezi Aziýanyň energiýa we suw howpsuzlygyny güýçlendirýän hem-de täzelenip bolýan energiýa pudagynyň ösüşine goldaw berýän möhüm sebitleýin taslamadyr.
ÝGÖB — ähli gatnaşyjy ýurtlardaky öňdebaryjy maýa goýumçy hökmünde — ÝB we hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitleýin baglanyşyk we suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylyşy boýunça tagallalary goldaýandygyny beýan edýär,”
— diýip, Ýewropa Gaýtadan Dikeltmek we Ösüş Bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso aýtdy.
Ýewropa Bileleşigini, onuň agza döwletlerini, maliýe edaralaryny we hususy sektoryny bir ýere jemleýän "Ýewropa Topary" (Team Europe) çemeleşmesi esasynda, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlykda suw serişdelerini dolandyrmak boýunça sebitara koordinasiýany gowulandyrmak ugrunda bilelikde iş alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk, şol sanda Suw, Energetika we Howa Üýtgemegi boýunça Ýewropa Topary tarapyndan amala aşyrylýan başlangyç arkaly, sebitdäki gidroenergetika mümkinçiliginiň açylmagyna ýol berýär. Bu başlangyç suw we energetika meselelerini çözmegi, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de Merkezi Aziýada ýaşyl we gök geçişi üpjün etmegi maksat edinýär.
Forumda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada Suw, Energetika we Howa Üýtgemegi boýunça Ýewropa Topary başlangyçlarynyň çäklerinde sebitde ýaşyl geçişiň hem-de milli energetika pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň täsirini görkezdi. Forumda gatnaşyjylar sebite meýilleşdirilýän iki möhüm Global Gateway taslamasynyň—Kambarata-1 we Rogun gidroelektrostansiýalarynyň—geljegi barada hem pikir alyşdylar.
Maglumat
Kambarata-1 gidroelektrostansiýasy
Bu üýtgeşdiriji energiýa boýunça mega-taslama häzirki wagtda Gyrgyzstanyň Naryn derýasyndaky toweereginde taýýarlanylýar. Ol ýurduň iň iri gidroenergetika desgasy bolup, Merkezi Aziýanyň iň möhüm taslamalarynyň birine owrüler. Gurluşyk tamamlanandan soň, Gyrgyzystanyň energiýa howpsuzlygyny ep-esli güýçlendirer, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürer we sebitiň ykdysady ösüşine goşant goşar. Täze gurluşyk hökmünde taslama eýýäm halkara donorlarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Maýa Goýum Bankynyň, Ýewropa Gaýtadan Dikeltmek we Ösüş Bankynyň hem-de Italiýanyň ösüş banky Cassa Depositi e Prestiti tarapyndan gyzyklanma döretdi. Bu edaralar Ýewropa Topary adyndan çykyş edip, täzelenýän energiýa öndürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýarlar.
Rogun gidroelektrostansiýasy
Bu arassa energiýa boýunça mega-proýekti — dünýäde iň beýik bent gurluşygy — Täjigistan we tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ol 2032-nji ýyla çenli ýurduň elektrik önümçiligini iki esse ýokarlandyryp biler, içerki ýetmezçiligi aradan aýyrar, sebitiň dekarbonizasiýasyny çaltlandyrar we sebitleýin elektrik eksportyny üpjün eder. Bütindünýä Bankynyň ýolbaşçylygynda Ýewropa Bileleşigi we birnäçe donorlar bilelikde bu taslama üçin durnukly esas döredýärler. Birnäçe Ýewropa kompaniýalary hem bu taslama işjeň gatnaşýarlar.
Global Gateway Forum
Global Gateway Forumy, Ýewropa Bileleşiginden we dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen liderleri, hususy pudagyň esasy wekillerini, raýat jemgyýetiniň agzalaryny, pikir ýolbaşçylary, maliýe institutlary we halkara guramalaryny bir ýerde jemläp, infrastruktura (ýagny fiziki we sanly) babatda bütindünýä maýa goýumlaryny höweslendirmäge — Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM-lere) ýetmek, durnukly ösüşi we dünýä derejesinde çydamlylygy üpjün etmäge — gönükdirilen forumdyr.
Global Gateway
Global Gateway — dünýä boýunça maýa goýum deňsizligini azaltmak hem-de sanly, energiýa we ulag pudaklarynda akylly, arassa we howpsuz baglanyşyklary ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlaryny berkitmek maksadyny göz öňünde tutýan ÝB-niň oňyn teklibidir.
Global Gateway strategiýasy Topar Ýewropa Topary çemeleşmesini özünde jemleýär. Bu çemeleşme Ýewropa Bileleşiginiň özüni, agza döwletleri we Ýewropa ösüş maliýe institutlaryny birleşdirýär. Bilelikde biz 2021–2027 ýyllar aralygynda jemi 300 milliard ýewro möçberindäki döwlet we hususy maýa goýumlaryny mobilizirlemäge, garaşlylygyň ýerine möhüm baglanyşyklary döretmäge hem-de halkara maýa goýum aralygyny ýapmaga ymtylýarys.
For More Information