Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: Brýusselde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça 13-nji ýokary derejeli dialogy geçirildi

17.07.2026 EEAS Press Team

 

16-njy iýulda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, ýagny Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda her ýyl geçirilýän Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisi Brýusselde geçirildi. 

ÝB (2023-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen) Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Bilelikdäki ýol kartasyna hem-de 2025-nji ýylyň aprelinde geçirilen ilkinji “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” sammitiniň netijelerine esaslanmak bilen, Merkezi Aziýa bilen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi netijeli döwlet dolandyryşy, hukugyň hökmürowanlygy, hasabatly edaralar we inklýuziw ykdysady ösüş arkaly durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady, hem-de, halkara hukugyny, BMG-nyň Tertipnamasynyň ýörelgelerini berjaý etmegiň, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagyň zerurdygy belledi.

Duşuşyk ählumumy we sebitleýin özgerişleri, şol sanda Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan agressiw urşy, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar hem-de Owganystan bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar syýasy gatnaşyklaryň barha işjeňleşýändigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de umumy howpsuzlyk meselelerini çözmek boýunça tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Munuň özi has giň gerimli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Taraplar serhetleri dolandyrmak, terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak hem-de kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça ÝB-niň maksatnamalarynyň çäklerinde dowam etdirilýän hyzmatdaşlygy oňyn bahalandyrdylar. Durnukly arabaglanyşyk, howpsuz ulag geçelgeleri, energetika howpsuzlygy we sanly özgertmeler sebitiň durnuklylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmek üçin barha möhüm ähmiýete eýe bolan ugurlar hökmünde ykrar edildi. 

Duşuşyga Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Olof Skoog ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem, duşuşyga  Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Arman Issetow, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Idibek Kalandar, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffarbek Madrahimow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhanasynyň ilçisi Aidit Erkin gatnaşdy.