Aşgabatda “Iň erbet ýyl dönümi” sergisi açyldy – uruş döwründäki ukrain sungaty

2026-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýeti, Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistandaky Fransuz instituty hem-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistandaky Fransuz institutynyň “Nadar” galereýasynda “Iň erbet ýyl dönümi” atly sergini açdy. Sergi 2026-njy ýylyň 12-nji maýyna çenli myhmanlar üçin açyk bolar.

Image
The Worst Anniversary Ever” Exhibition Opened in Ashgabat

Açylyş dabarasynda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filip Merlin, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa hem-de Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Pýotr Makarenko gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Sergini açyp, Fransiýanyň ilçisi Filip Merlin şeýle belledi:

“Bizi şu gün bir ýere jemlän bu sergi asla döremezligi gerekdi.

Ol örän gynançly bir senäni alamatlandyrýar: Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan agressiw urşunyň, ukrain ýerleriniň basylyp alynmagynyň, ägirt uly adam ýitgileriniň we Ukrainada ýetirilen elhenç weýrançylyklaryň dört ýyllygyny.

Şeýle-de bolsa, bu sergi zerurdyr. Biz bu urşuň dowam edýän dört ýyldan gowrak döwründe Ukrainanyň garşylyk görkezýändigini we ähli kynçylyklara garamazdan durmuşyň dowam edýändigini ýatdan çykarmaly däldiris”.

Şeýle hem ol Fransiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina goldawyny beýan etdi.

ÝB-niň ilçisi Beata Peksa öz çykyşynda şeýle aýtdy:

“Bu gün biz ilkinji nobatda urşuň pajygaly netijeleri, aýratyn-da Ukrainanyň parahat ilaty üçin döredýän kynçylyklary barada pikir edýäris. Biz ähli pidalaryň we olaryň maşgalalarynyň hatyrasyna hormat goýýarys. Bu gezek bolsa, uruşdan gönüden-göni täsir alan sungat işgärleriniň sesine gulak asýarys we olaryň garaýyşlaryna haýran galýarys. Olar öz nägileligini, gaharyny we gynanjyny, şeýle hem tutanýerliligini we ruhubelentligini eserleriniň üsti bilen beýan edýärler. Şeýlelikde, olar millionlarça ukrain raýatlarynyň öz ýurduna bolan söýgüsini hem-de onuň parahatçylykly we Ýewropa geljegine bolan umydyny paýlaşýarlar”.

Çäräniň dowamynda çykyş eden Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Pýotr Makarenko urşuň ukrain jemgyýetine ýetiren täsiri we sungatyň adamzat tejribesini beýan etmekdäki ähmiýeti barada durup geçdi:

“Dört ýyldan gowrak wagt bäri Ukraina çuňňur özgertmeleri başdan geçirýär. Dil, medeniýet we umumy tejribe arkaly milli özboluşlylygymyz günsaýyn has-da güýçlenýär. Bu eserler diňe bir döredijilik däl, eýsem şaýatlykdyr. Olar Ukrainany diňe habar sözbaşylary arkaly däl-de, adam ykballary arkaly has çuňňur tanamaga çagyrýar.

Sergi boýunça gezip, siz çozuşyň ilkinji günlerinden häzirki güne çenli bolan ýoly görersiňiz. Bu çydamlylygyň, mertebäniň we umydyň ýoludyr – öz geljegini goramagyny, döretmegini we gurmagyny dowam etdirýän halkyň ýoludyr. Sungat bolsa bu nukdaýnazardan terjime talap etmeýän umumy dildir. Ol ýürekden çykýan hakykat arkaly gürleýär – düşnükli, gönümel we çuňňur adamkärçilikli görnüşde. Şeýlelikde, ol bize sözsüz hem duýmaga, düşünmäge we duýgudaşlyk bildirmäge mümkinçilik berýär”.

Sergide Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli çozuşy başlanandan bäri döredilen ukrain sungat eserleri görkezilýär. Olar Kahowka bentiniň ýykylmagy netijesinde ýüze çykan suw joşmasy ýaly anyk wakalary, şeýle hem uruş döwründäki durmuşyň has giň gerimli hakykatlaryny şöhlelendirýär. Dürli sungat görnüşleriniň üsti bilen bu eserler agyryny, ýitgileri we ýadawlygy beýan edýär, şol bir wagtyň özünde bolsa iň kyn şertlerde hem tutanýerliligi, jebisligi, özara goldawy we rehimdarlygy görkezýär.

Bu eserleriň Aşgabatda görkezilmegi adam ruhunyň kuwwatyny, raýdaşlygyň, parahatçylygyň we taryhy ýadygärligiň ähmiýetini nygtaýar. Myhmanlar sergini synlamaga we Ukrainadaky urşuň dowam edýän ynsanperwer täsirleri barada oýlanmaga çagyrylýar.