Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär hem-de dürli maksatnamalar we başlangyçlar arkaly ösüşi, hyzmatdaşlygy we dialogy goldaýar.

Ilkinji döwürde ÝB-niň işi 1990-njy ýyllaryň başynda döredilen Tehniki kömek boýunça Milli utgaşdyryjy bölüm (TANCU) arkaly amala aşyrylan tehniki kömek maksatnamalaryna gönükdirilipdi. 2008-nji ýylda Türkmenistanda Ýewropa öýi (Europe House Turkmenistan) açyldy. Onuň maksady Ýewropa Bileleşigi barada habarlylygy ýokarlandyrmak, medeni alyş-çalyşy ösdürmek we ÝB-niň ýurtdaky görnükliligini artdyrmakdan ybaratdy. 2010-njy ýylda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Aragatnaşyk edarasy (EU Liaison Office) açyldy, bu bolsa Türkmenistan bilen syýasy dialogy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrdy.

2019-njy ýylda Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň döredilmegi bilen ÝB–Türkmenistan gatnaşyklarynda täze tapgyr başlandy. Şondan bäri Wekiliýet Ýewropa Bileleşiginiň ýurtdaky resmi diplomatik wekilhanasy bolup, syýasy dialogy, durnukly ösüşi, söwdany, adam hukuklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny we Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

  • Image
    EUDEL_TKM_2026

    “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygy

Biz näme edýäris

Wekilhana esasanam

  • Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda wekilçiligini üpjün edýär.
  • 1998-nji ýyldaky Bütindünýä söwda şertnamasyna laýyklykda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýar we ösdürýär, esasanam hökümet we beýleki karar berýän işewürler, alymlar, metbugat we raýat jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, demokratiýany, gowy dolandyrylyşy we adam hukuklaryna hormat goýýar, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýeňilleşdirýär.
  • ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçihanalarynyň işini utgaşdyrýar we goldaýar.
  • ÝB syýasaty bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça baş edaralara hasabat berýär.
  • ÝB Türkmenistanda we Merkezi Aziýada alyp barýan syýasatlaryna habardarlygy we düşünmegi ýokarlandyrmak ugrunda işleýär.
  • Metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy bilen meşgullanýar we ýokardaky agzalan maksatlara ýetmek üçin adamlar bilen aragatnaşyk saklaýar.

Türkmenistan boýunça ösüş hyzmatdaşlygy maksatnamalary ÝB-niň Brýusseldäki edara binasy ýa-da ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Ilçi

Hanym Beata Peksa Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi hem-de Wekiliýetiniň Baştutanydyr