Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň Arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 30-njy Ýyllygyna Bagyşlanan Konsert

2023-nji ýylyň 26-njy noýabrynda, Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde, we Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti guradylar.

Konsert Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäginde gurnaldy.

Konsert Aşgabat şäheriniň 1-nji, 4-nji sazçylyk mekdepleriniň we Türkmenistanyň ýörite sazçylyk mekdep internatynyň okuwçylaryndan ybarat bolan çagalar hory, Latwiýanyň hor ussasy Wita Timermanyň ýolbaşçylygynda Rasul Klyçewyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestri bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

 

 

Image
H.E. Ms Beata Peksa, the Ambassador of the European Union in Turkmenistan giving an opening speech

Açylyş dabarasynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Hanym Beata Peksa: “Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň bu ajaýyp taslamasyna gatnaşýandygyna örän begenýärin we buýsanýaryn, sebäbi bu biziň, ýewropalylaryň, ähli gymmatlyklarymyza, ýagny  biziň aýdym-saza bolan höwesimize, parahatçylygyň we sungatyň işine goşant goşmak dowamly islegimize, ýaşlaryň güýjüne bolan söýgimize we ynanjymyze laýyk gelýär," diýip, belläp geçdi.