BOMKA 10 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin ykjam goşundysyny işläp düzmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi

10–11-nji oktýabrda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin ykjam goşundysyny işläp düzmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi.  

Bu çäre BOMKA 10-nyň 4-nji Bölüminiň serhetýaka sebitlerde adam hukuklaryna, gender deňligine we gowşak goragly toparlary goldamaga ähmiýet bermek bilen ýerli ykdysady ösüş arkaly durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin serhetüsti hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça anyk maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär.

BOMKA 10 tarapyndan Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Tehnologik usullary giňden ulanmak arkaly serhetýaka sebitlerde gümrük amallary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak» boýunça Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde iki günlük okuw maslahaty Türkmenistanyň gümrük gullugy üçin taýýarlanyljak ykjam goşundysynyň konsepsiýasyny we tehniki häsiýetnamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etdi.

Bu duşuşygyň Türkmenistanda ykjam goşundylaryny işläp düzmekde we Ýewropa Birleşiginiň ýurtlarynyň oňyn tejribesini peýdalanmakda tejribe alyşmaga bagyşlanandygyny bellemek zerurdyr.

Çäräniň dowamynda ahyrky önüme bolan konseptual teklipleri göz öňünde tutmak bilen goşundynyň tehniki häsiýetnamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

BOMKA Maksatnamasy barada

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýan Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA) serhetaşa hyzmatdaşlygy goldamak we Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitde durnukly ykdysady ösüşi ösdürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BOMKA Maksatnamasy döredilenden, 2003-nji ýyldan bäri, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak konsepsiýasy esasynda serhet gözegçiligini halkara we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda serhet gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde başlanan, BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyry dört ugry öz içine alýar: serhet edaralarynyň kanuny ösüşi, serhetdäki düzgün bozmalary paş etmek mümkinçiliklerini artdyrmak, söwdany ösdürmek we serhetýaka hyzmatdaşlygy gowlandyrmak. Býujetiň jemi 21,65 million ýewro we durmuşa geçiriş möhleti 4,5 ýyl bolan bu maksatnama, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlarynyň konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylan sebitdäki iň uly başlangyçdyr. ÝB agza ýurtlaryndan saýlanan hyzmatdaşlar konsorsiumyna Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugy ýolbaşçylyk edýär.

BOMKA Maksatnamasy boýunça goşmaça maglumat gerek bolsa Rustam Berdiýew, BOMKA 10 Makstnamanyň Türkmenistandaky Milli koordinatory bilen habarlaşyp bilersiňiz: Tel.+99361 066707, rustam.berdiyev@icmpd.org