Ýewropada syýahat — Ýewropa Giriş / Çykyş ulgamy (EES)

Ýakynda: Ýewropada has tertipli serhet barlagy
Ýewropa Giriş / Çykyş ulgamy — Schengen zolagy boýunça (29 ýurtda) Ýewropa Bileleşigine degişli däl raýatlaryň gysga wagtlyk saparlarynda serhet barlagyny üpjün etjek bir ulgam.
Bu ulgam syýahaty has amatly we howpsuz etmek maksady bilen işlenip düzüldi. EES 12-nji oktýabr 2025-nji ýylda işe giriziler. Şo gündäp başlap, gatnaşýan ýurtlaryň serhedinden geçiş nokatlarynda maglumat ýygnalýar we EES 10-njy Aprel, 2026-njy ýyla çenli doly işläp başlar diýip garaşylýar.
- Täzelenen maglumatlar üçin resmi EES saýtyna geçiň (iňlis dilinde).
EES näme?
Schengen ýurtlarynyň jemi ilaty 450 milliona golaýdyr we olaryň arasynda pasport we içki serhet barlagy ýatyryldy. Bu ýagdaý raýatlar, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin ýurtlaryň arasynda erkin hereket etmäge mümkinçilik berýän zona döredýär.
Ýewropa Bileleşiginiň netijeli serhet dolandyryş ulgamy hökmünde Giriş / Çykyş ulgamy (EES) Schengen zolagy ýurtlaryna syýahat etmekde esasy açardyr.
Schengen zolagy hakda has köp maglumat almak üçin şu baglanyşyga geçiň.
EES kimler üçin?
Giriş / Çykyş ulgamy, gysga wagtlyk sapar üçin Ýewropa Schengen zolagyndaky ýurtlara barýan EU däl raýatlar üçin niýetlenendir. Belli istisnalar bar. Doly istisnalar sanawy üçin resmi EES saýtyna şu baglanyşyk arkaly girip bilersiňiz.
EES näme iş edýär?
EES, Ýewropa Bileleşiginiň / Schengen zolagynyň daşky serhedinde amala aşyrylýan serhet barlagydyr. Maksat, serhet barlaglaryny çaltlandyrmak we içki howpsuzlygy gowulandyrmakdyr.
EES haýsy maglumatlary talap edýär?
EES syýahat resminamalaryňyzda eýýäm görkezilen maglumatlary, her giriş we çykyş senesi we ýerini, şeýle hem biometriýa maglumatlaryny ýygnýar. Bu maglumatlar serhet barlaglaryny has netijeli we howpsuz eder.
Has köp maglumat
- Ähli möhüm maglumatlar bilen resmi EES saýtyna geçmek üçin şu baglanyşyga giriziň
- Schengen wizasyny almak barada pikirlenýän bolsaňyz, şu baglanyşyga girmegiňizi maslahat berýäris